Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

23 Mart 2024
413

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzda dabaraly bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň we telegrammalaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren asylly ýörelgelerini öz içine alýan hem-de halkara derejä eýe bolan bu ajaýyp baýramyň bahar paslynyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýandygy, halklaryň parahatçylyk we döredijilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň beýanyna öwrülendigi nygtalýar. Gutlaglary iberenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň bähbidine öňde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmakda egsilmez güýç-kuwwat arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow, döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Babaýew, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy G.Garlyýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Saparow, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň işgärleriniň adyndan Ý.Nuryýew iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.

(TDH)