Türkmen diplomatiýasy — parahatçylygyň ilçisi

22 Mart 2024
334

Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky çözgütleri we daşary syýasy ýörelgeleri, ilkinji nobatda, Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýar. Dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi, iri halkara we sebit düzümleri, hususan-da, BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Ýurdumyz kabul edilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn halkara ylalaşyklary we şertnamalary berjaý etmek bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny doly hem-de üýtgewsiz ýerine ýetirýär. Muňa dürli ulgamlarda amala aşyrylan hem-de häzirki wagtda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça taýýarlanylan we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalar aýdyň mysaldyr.

Milletler Bileleşigi bilen özara gatnaşyklarda ýurdumyz sebit hem-de ählumumy ösüşiň möhüm meselelerine, olaryň çözgütleriniň bilelikde işlenip taýýarlanylmagyna jogapkärçilikli çemeleşýär. Bu işleri dowam etdirmekde we ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmakda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri örän jogapkärli hem-de asylly wezipäni ýerine ýetirýärler. Türkmen diplomatlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk dörediji daşary syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň milli bähbitlerini goramak maksady bilen, öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda yzygiderli işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň sany ýyl-ýyldan artýar. Şunuň bilen baglylykda, döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, milli diplomatiýanyň ösdürilmegi hil taýdan täze derejä çykýar. Şunda ýokary derejeli işgärleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Maksat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.