Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

22 Mart 2024
559

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu gadymy baýram tebigatyň täzelenişini, bereket-bolçulygy alamatlandyryp, Watanymyzyň döredijilik ýoly bilen belent maksatlara tarap okgunly öňe gitmeginiň aýdyň beýany bolup durýar. Gutlaglary iberenler döwlet Baştutanymyzy Nowruz baýramy bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýew, dokma senagaty ministri R.Rejepow, oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew, daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazow, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Genjiýew, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy D.Süleýmanow, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygy M.Öwezliýew, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygy N.Berdiniýazow, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy B.Ataýew, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy G.Ataýew, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Wolsahatow, Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewa, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy N.Atagulyýew gutladylar.

(TDH)