Nowruz geldi ilime

21 Mart 2024
441

Bahar paslynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň arzyly baýramy bolan Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe bagyşlanan dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Ata Watanymyzda Nowruz tämizligiň, sahawatyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, bagtyýarlygyň baýramy hasaplanylýar. Täzelenişiň, ýakymly duýgulardan şineleýän täze pikirdir garaýyşlaryň baýramy bolan Nowruzy her halk özüçe, «Nauroz», «Nooruz» ýa «Newruz» diýip atlandyrýar. Ýöne ol nähili atlandyrylsa-da, mazmun taýdan, maksat babatda bir umumylyga eýedir. Dostluk köprüsiniň binýadyny berkitmek maksadyna eýerýän bu sene BMG-niň ýörite Rezolýusiýasy bilen Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly hem-de belent ruhuny we ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini özünde jemleýär. Biz hem Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzy, mähriban halkymyzy Halkara Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny paýlaşýarys.

Enejan NAZAROWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri:

Taýýarlan Gülälek MERETMYRADOWA,
«Adalat».