Harby gullukçylaryň hukuk goraglylygy

21 Mart 2024
448

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adam hakyndaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulyp, her bir raýat üçin iň amatly ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda kabul edilýän kanunlar adamlaryň durmuş, zähmet we ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilýär. Şunda ýurdumyzyň harby gullukçylarynyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyna hem aýratyn uly ähmiýet berilýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda hereket edýän «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýyny, şeýle-de harby gullukçylaryň we harby gullukdan boşan raýatlaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy babatda döwlet syýasatynyň esaslaryny kesgitleýär.

Nurmämmet ANNABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Harby müdirliginiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.