Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

21 Mart 2024
407

Rüstem DÖWLETOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy:

— 28-nji martda paýtagtymyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahaty hem dürli ýurtlardan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini Aşgabada jemläp, halkymyzyň umumadamzat medeniýetine goşan goşandyny dünýä ýaýmaga ýardam berer. Bu çäräniň «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat bilen bir wagtda geçirilmegi myhmanlara türkmen topragynyň taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik berer.

«Adalat».