Ýazky bag ekmek möwsümine badalga berildi

18 Mart 2024
349

16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Onuň dowamynda ýurdumyz boýunça müňlerçe düýp agaç nahallary ekildi. Paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna Gahryman Arkadagymyz hem gatnaşdy.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz awtoulagda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň ýanyna geldi.

«Watan».