Taryhyň şöhratly sahypalaryndan

18 Mart 2024
333

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet Baştutanlygynda belent sepgitlere ýetilýär

Jemgyýetiň durmuşyny özgerdip, şu günki we geljekki nesilleriň ykbalyna täsirini ýetirýän wakalar taryhyň şöhratly sahypalarynda şanly seneler hökmünde ebedilik galýar. 2022-nji ýylyň 19-njy marty hem berkarar döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan senedir. Il-ulsumyzyň belent ynamyny gazanan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet Baştutany wezipesine girişmek dabarasynda öňe süren «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýalkymly şygary täze eýýamyň galkynyşyna ganat berip, ähli sepgitlere agzybirlikde ýetjekdigimize mizemez ynamy kalbymyza guýdy. Şöhratly günden bäri geçen iki ýyllyk menzilde gazanylan üstünlikler ykbaly göterilen halkymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jebisleşip, nurana geljeginiň binýadyny berkden tutýandygyny tassyklaýar.

«Watan».