Bazar gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi — Türkmenistanyň ykdysady ösüş nusgasy

18 Mart 2024
268

17-nji martda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini açyp görkezýän üç günlük giň gerimli sergi açyldy. Onuň çäklerinde maslahatyň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan bu çäreler türkmen işewürleriniň tejribesini, üstünliklerini we mümkinçiliklerini, hususy pudagyň milli maksatnamalary, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň innowasion ösüşine, bäsdeşlige ukyply hem-de eksport ugurly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen özgertmelerini durmuşa geçirmäge goşýan uly goşandyny açyp görkezýär.