Bag ekmek dabarasy guramaçylykly geçirildi

18 Mart 2024
267

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy tämiz saklamak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we bagy-bossanlyga öwürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde milli we ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edilmeginiň bähbidine ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de obalaryň töweregini uzak möhletleýin bagy-bossanlyga büremek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine halkymyzyň saglygyny goramagyň doly derejeli durmuşy hem-de dynç almagy üçin möhüm şert hökmünde aýratyn üns berýär.

Soňky ýyllarda paýtagtymyz hem-de ýurdumyzyň iri ilatly nokatlary pürli, ýaprakly we miweli baglar bilen gurşaldy. Her ýylda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, şeýle hem Türkmenistanyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär.