Kuwwatly senagat — ygtybarly geljek

14 Mart 2024
424

Düýn döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda tebigy täsinliklere hem-de dag-magdan gorlaryna baý Köýtendag etrabynda ýurdumyzyň senagat hem-de gurluşyk önümçiliginiň kuwwatyny artdyrjak täze bir desga, ýagny «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgyry işe girizildi. Desganyň açylyş toý dabarasynda hormatly Prezidentimiz çykyş etdi we ol täze döwrüň taryhyna ýatdan çykmajak pursatlar bolup altyn harplar bilen ýazyldy.

2020-nji ýylda düýbi tutulan bu desganyň gurluşygyny «Türkmenenjam» hojalyk jemgyýeti ýerine ýetirip, onuň taslama bahasy 518 million manada barabar boldy. 37,5 gektar meýdany tutýan, giden binalar toplumyndan ybarat bu täze desgada maksatnamalaýyn binalaryň 38 sanysy guruldy. Onda Şwesiýanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Italiýanyň we beýleki Ýewropa döwletleriniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlar toplumy oturdyldy. Şol döwrebap enjamlaryň üsti bilen birbada operatorlaryň 4-si önümçiligiň işini dolandyrýarlar. Şeýle-de bu desganyň açylmagy bilen 250-ä golaý ildeşimiziň halal zähmet çekmegi üçin zerur önümçilik hem-de amatly durmuş şertleri döredildi.

«Türkmen dünýäsi».