Oba hojalygynda möhüm möwsüm

14 Mart 2024
239

11-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda, ilki bilen, welaýat häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Hasabatlarda şu ýylyň hasyly üçin zerur işler geçirilýändigi, 16-njy martda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna, ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görülýändigi barada aýdyldy. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, oba hojalyk pudagy üçin möhüm möwsümiň ýetip gelendigine ünsi çekdi hem-de şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini berk gözegçilikde saklamagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

«Arkadag»