Umumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine

13 Mart 2024
427

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýä döwletleri bilen özara bähbitli, hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hemişe möhüm ähmiýet berip, bu ugurda ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýokary derejede, guramaçylykly geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi bu hakykatyň ýene bir gezek nobatdaky dabaralanmasy boldy. Ol ýurdumyzda Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde hem-de hemmetaraplaýyn berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, taryhyň täze sahypasyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Mälim bolşy ýaly, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşi maslahat beriji edara bolup, onuň düzümine bu gurama agza ýurtlaryň görnükli jemgyýetçilik işgärlerinden saýlanan ýaşulular girýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz indi iki ýyla golaý wagt bäri bu geňeşiň agzasy bolup durýar. Ähli musulman ymmatynda birek-birege hormat goýmak, dost-doganlyk ýaly ynsanperwer gatnaşyklaryň, ruhy päkligiň we asylly işleriň aýy hasaplanýan mukaddes Oraza aýynyň ilkinji günlerinde baky berkarar döwletimizde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisinde häzirki zamanyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alşylyp, geljekde alnyp barylmaly işler dogrusynda garaýyşlar beýan edildi.

«Balkan».