Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk teleýaýlymyna beren interwýusy

13 Mart 2024
427

«TRT Haber» teleýaýlymynyň ýolbaşçysy Ahmet Görmez Gahryman Arkadagymyz bilen söhbetdeş boldy

— Siziň Alyhezretiňiz, Milli Lider, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly Arkadag! Ilki bilen, işiňiziň örän köpdügine garamazdan, interwýu bermäge wagt tapandygyňyz üçin Size minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Siz görnükli syýasatçy, döwlet işgäri hökmünde türki döwletleriň hyzmatdaşlygynyň möhümdigini hemişe belleýärsiňiz. Bu näme bilen baglanyşykly? Siz bu işi, onuň mümkinçiliklerini, şunda Türkmenistanyň ornuny nähili görýärsiňiz?