Türki dünýäde möhüm hyzmatdaşlyk

13 Mart 2024
241

11-nji martda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda guraldy.

Duşuşygyň başynda Milli Liderimiz hemmeleri gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda görmäge şatdygyny aýdyp, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin olara minnetdarlyk bildirdi. Soňra Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň agzalaryna söz berdi.