Ýurdumyzyň senagat mümkinçilikleri ýokarlanýar

13 Mart 2024
379

Häzirki wagtda ýurdumyzda iň täze tehnologiýalary peýdalanmagyň, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň we innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň esasynda, durnukly ösüşiň berk binýadyny kemala getirmäge niýetlenen täze ykdysady özgertmeler durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýet ýurduň baý tebigy, geoykdysady mümkinçiligini, maýa goýum kuwwatyny peýdalanmak, döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek we daşary ykdysady derejesini ýokarlandyrmak bilen üstünlikli diwersifikasiýalaşdyrylýar. Ýurdumyzyň önümçilik kuwwaty barha artýar. Munuň şeýledigini halkara maliýe edaralary, şol sanda Bütindünýä banky hem birnäçe gezek tassyklady.

Ykdysady strategiýada diwersifikasiýa syýasaty dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň häzirki çylşyrymly şertlerinde ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň we uzak geljekde onuň ösüşe ukyplylygyny üpjün etmegiň netijeli ugry hökmünde kesgitlenildi. Häzirki döwürde bu ugur ýurdumyzy ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatnamasynda mynasyp orny eýeleýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki döwürde Türkmenistan uzak möhletleýin we durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin diwersifikasiýa syýasatyny oýlanyşykly durmuşa geçirýän döwletleriň biri bolup, ol birnäçe ugurda amala aşyrylýar. Hususan-da, gaýtadan işleýän hem-de gurluşyk senagatyny ösdürmegiň hasabyna ykdysadyýetiň köpugurly ösüşini gazanmak ileri tutulýan ugur bolup durýar.

Ýörite habarçymyz.