Döwletleriň dostlugy — bähbitli hyzmatdaşlygyň kepili

13 Mart 2024
389

Türkmenistan döwletimiziň dünýä döwletleri, şol sanda iri halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyklary ýola goýýandygy aýdyň hakykat. Muňa Türki Döwletleriň Guramasyny mysal hökmünde getirmek bolar. Häzirki wagtda ýurdumyz bu gurama agza döwletler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Şu günler paýtagtymyzda geçirilýän Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerindäki duşuşyklar ýokarda agzanlarymyza doly güwä geçýär. Şeýle duşuşyklaryň biri “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 11-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirildi.

Häzirki wagtda ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň döwletler bilen hoşniýetli goňşyçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we hemmetaraplaýyn berkitmäge gönükdirilendigini aýratyn bellemek gerek. Duşuşykda 2024-nji ýylyň TÜRKSOÝ tarapyndan “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edilendigi bellenildi, şeýle-de, şu gezekki duşuşygyň möhümdigi aýdylyp, onuň netijeleriniň TDG agza ýurtlaryň ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, köptaraplaýyn we özara bähbitli gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge uly itergi berjekdigi barada ynam bildirildi. Özara bähbitli başlangyçlaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.