Iri senagat desgasynyň täze tapgyry

13 Mart 2024
337

Şu gün, ýagny, 13-nji martda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Köýtendag etrabynda täze gurlan Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyşyna ak pata berdi. Täze zawodyň açylyş dabarasy şowhunly aýdym-sazlara beslendi.

Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylyň fewral aýynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Garlyk şäherçesiniň golaýynda Lebap sement zawodynyň birinji tapgyry açylyp ulanmaga berildi. Halkymyzy ýerli gurluşyk materiallary bilen üpjün etmäge gönükdirilen bu iri senagat desgasynda öndürilýän ýokary hilli sement häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklarda giňden ulanylýar. Çünki sement gurluşyk üçin zerur önüm hasaplanýar. 

«Zenan kalby».