Dünýäniň diregi, zeminiň görki

7 Mart 2024
369

Türkmen zenanlarynyň mertligi, belent mertebesi, ýar ojagyna wepasy hakynda gojaman taryhyň gatlarynda rowaýata öwrülen hakykat ýatyr. Ata Watanymyzy ösdürmekde aýal-gyzlarymyz uly güýçdür. Edermen gelin-gyzlarymyz Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin halk hojalygynyň dürli pudagynda ruhubelent zähmet çekýärler. Bu günki gün olar halkymyzyň öňden gelýän asylly ýörelgelerine laýyklykda, döwleti dolandyrmakda, önümçiligiň dürli pudaklarynda mynasyp orny eýeläp, täze türkmen jemgyýetini gurmaga işjeň gatnaşýarlar. Ýaýlalarymyza ýaşyl don ýapyp, toý-baýramlaryň buşlukçysy bolup ata Watanymyza  bahar geldi. Mübärek gadamy bilen düşlän bahar paslynyň ilkinji günlerinde görküni güllerden alan mähriban käbelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň baýramçylygy bolan  8-nji mart — Halkara zenanlar güni giňden bellenilip geçilýär. Biz hem ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlaryny, ak saçly enelerini baýramçylyklary bilen gutlap, dürli kärde zähmet çekýän zenanlaryň buýsançly sözlerini halkymyz bilen paýlaşýarys.

Çynar DAŞGYNOWA,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, kapitan:

Taýýarlan Gülälek MERETMYRADOWA,
«Adalat».