Öýleriň bezegi

7 Mart 2024
352

Ata Watanymyzyň islendik edara-kärhanalarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hem zenan harby gullukçylarymyzyň birnäçesi asylly zähmet çekýärler we ýurdumyzyň migrasiýa babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde öz mynasyp goşandyny goşýarlar. Zenanlar döwletimiziň asudalygyny,  kanunçylygyny gorap saklamakda örän guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. 

Bu günki gün Halkara zenanlar güni mynasybetli egni harby lybasly zenanlarymyza hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyndan pul sowgatlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy harby gullukçylaryň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy.

Perman SÄHETLIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor.