Beýik başlangyçlara badalga

6 Mart 2024
316

Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň mejlisler zalynda «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçy düzümleri, serkerdelerdir harby gullukçylar, esgerler, harby talyplar hem-de okuwçylar gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, 22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmekde göz öňünde tutulan işleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ine, şu nukdaýnazardan Merkezi serkerdeler öýünde geçirilen bu maslahat hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik işleriň taryhy ähmiýetini aýdyň ýüze çykardy.

Şöhrat AMANOW,
maýor.