Ykdysady kuwwatlylygyň berk binýady

2 Mart 2024
556

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy ösdürmek boýunça döwlet tarapyndan alnyp barylýan giň gerimli durnukly ösüş strategiýasynyň binýatlyk maksady iň täze tehnologiýalara we innowasiýalara daýanýar. Bu ugurda döwlet maksatnamalarynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, ýurduň innowasion ösüşinde hususy pudagyň paýyny artdyrmaga, bazar gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek arkaly ykdysady kuwwaty has-da berkitmäge hem-de bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen işler oňyn netijelerini berýär.

Durmuşa geçirilýän özgertmeler işewürligi we hususy haryt öndürijileri döwlet tarapyndan goldamaga, bäsdeşlik giňişligini kemala getirmäge, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmek arkaly, ykdysady ösüşi hem-de amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmäge mümkinçilik berýär. Ykdysadyýetiň düzümleýin özgerdilmegi bolsa jemi içerki önümiň durnukly artmagyna getirýär. 2023-nji ýylda milli ykdysadyýetiň depginli ösüşini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi gazanylyp, ol, 2022-nji ýyla garanyňda, 6,3 göterim ýokarlandy.

Ogultäç SÖÝÜNOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.