Möhüm pudak

20 Fewral 2024
515

Eziz Watanymyz dünýäniň uglewodorod serişdelerine baý ýurtlarynyň hataryna girýär. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan nebitgaz toplumy barha kuwwatlanýar. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwaty yzygiderli artdyrylýar. Nebit we gaz ýataklarynda netijeli, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalar, ylmyň soňky gazananlary, sanly çözgütler esasynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Gazhimiýa, nebithimiýa pudaklary ösdürilýär. Senagat düzümlerini, hyzmat önümçiligini döretmek maksady bilen, uglewodorod serişdelerini düýpli gaýtadan işlemek ýola goýulýar.

Hormatly Prezidentimiz 9–njy fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine garady. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny giňden döwrebaplaşdyrmak, onuň serişde binýadyny giňeltmek, taýýar önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmak, täze kuwwatlyklaryň gurluşygyny alyp barmak boýunça birnäçe wezipeler kesgitlenildi. Geçen ýyl degişli önümçilikler tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň, benzini, dizel ýangyjyny, nebit bitumyny, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasynyň artygy bilen berjaý edilendigi habar berildi. Bu döwürde tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamalarynyň hem artygy bilen ýerine ýetirilendigi milli ykdysadyýetimiziň buýsandyryjy üstünliklerini görkezýär.

Sähra JUMAÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.