HPG-niň ýolbaşçysy: dünýä ykdysadyýeti geosyýasy ýagdaýlara durnukly

18 Fewral 2024
546

Dünýä ykdysadyýeti geosyýasy ýagdaýlara garamazdan, öz durnuklylygyny saklaýar. Bu barada Halkara pul gaznasynyň (HPG) dolandyryjy müdiri Kristalina Georgiýewa Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde eden çykyşynda nygtady.

«Näbellilikleriň ýokarydygyna seretmezden, biz ykdysady ösüşiň mümkinçilikleri babatda göwnümizi giň tutup bileris. Sebäbi häzirki dünýä ykdysadyýeti biziň çenimizden durnukly bolup çykdy. 2023-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgini garaşylan ýagdaýdan ýokary boldy, 2024-nji ýylda bolsa global hümmetsizlenme peseler diýlip çaklanylýar» diýip, Kristalina Georgiýewa gürrüň berdi.

Kemal Saparmyradow,
Aşgabat şäheriniň 6-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy.