"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Halklary birleşdirýän gymmatlyklar

Magtymguly atamyzyň: «Ýagşa dost köp, ýaman bolsaň, ýok gardaş» diýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürip, halklaryň arasynda dostluk köprülerini gurýar. Dostanalyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Diýarymyzyň iri halkara guramalary bilen gatnaşyklary-da barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň abraýly halkara düzümleriň çäklerinde geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklara, şol sanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlislerine yzygiderli gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Biziň ýurdumyzy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Hoşniýetli erk-isleg, taryhda emele gelen medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bu gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň geçen ýyl sanly ulgam arkaly geçirilen 23-nji mejlisinde eden çykyşynda bu barada: «Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklar Türkmenistan üçin halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu guramanyň agzalary, oňa synçy hökmünde gatnaşýan ýurtlar Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, goňşulary we dostlarydyr. Şoňa görä-de, bu gurama bilen gatnaşyklary ösdürmäge biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltme

Älem giňliginde adyň, Arkadag!

Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň doglan gününiň bellenilýän pursatlarynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar — asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan älem giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň goýulmagy toýlarymyza özboluşly öwüşgin eçildi. Bu baradaky güwänamanyň, şeýle-de teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň akyldar şahyryň adyny göterýän ýokary okuw mekdebine — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagynda çuňňur many bar. Ol, bir tarapdan, Magtymguly Pyraga bolan sylag-sarpany äşgär etse, beýleki bir tarapdan, ýaşlar hakynda edilýän bimöçber aladany görkezýär. Mähriban Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi älem giňişligindäki parlak ýyldyza «Arkadag» adynyň goýulmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Döwletli Diýaryň abraýyny äleme çykaran Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny üstünlikli dowamat eýleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyşlarymy ýollaýan. Beýik Ogullaryň ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

«Ismim düşdi ilden-ile...»

XVIII asyr, görnükli gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň belleýşi ýaly, Türküstanda beýik Magtymgulynyň asyrydyr. Bu taryhy döwürde ýaşan türkmeniň beýik söz ussadynyň çuňňur mazmunly goşgulary ýüreklerde berk orun aldy. Magtymgulynyň eserleriniň durmuşyň ähli möhüm meselelerini öz içine almagy, şahyryň edebi mirasynyň müdimilige eýe bolmagyna ýol açýar. Hakdan içen halk şahyry Magtymguly Pyragy diňe bir öz döwrüniň däl, eýsem, ähli döwürleriň beýik söz ussatlarynyň biridir. Muňa görnükli rus alymy Wasiliý Bartoldyň «Türki halklaryň arasynda Magtymguly ýaly şahyrly halk diňe türkmenlerdir» diýip ýüreginden syzdyryp aýdan sözleri hem doly güwä geçýär. Dana Pyragynyň döreden eserleriniň aglabasy onuň öz döwründe dürli sebäpler bilen ýitip ýok bolupdyr. Şahyryň biziň döwrümize gelip ýeten eserleri onuň hut öz eli bilen ýazan goşgularynyň göçürilen nusgalarydyr. Beýik söz ussadynyň eserleriniň il içinde elden-ele, dilden-dile geçip, giňden ýaýramagynda onuň ýakyn garyndaşlarynyň, obadaşlarynyň, bagşy-sazandalaryň we Magtymgulynyň yzysüre edebiýat äleminde peýda bolan türkmen nusgawy şahyrlary Mämmetweli Keminäniň, Seýitnazar Seýdiniň, Gurbandurdy Zeliliniň, Mollanepesiň bahasyna ýetip bolmajak goşandynyň bardygyny bellemek gerek. XIX asyr türkmen nusgawy şahyry Mollanepesiň hut öz eli bilen taýýarlan «Magtymguly» diwanynyň, şeýle hem şahyryň eserlerini öz içine alýan ençeme golýazma

Dünýä dolan taglymat

Hormatly Prezidentimiziň medeni taglymaty, ilkinji nobatda, dünýä parahatçylygyny öňe sürýär. Parahatçylyk diýlen dünýägaraýyşda «umumadamzat», «gatnaşyk», «hyzmatdaşlyk», «agzybirlik» ýaly ugurlar bir sapaga düzülip, aň ulgamyny sazlaýar. Gahryman Arkadagymyz “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda: “Döwlet gurluşynda, syýasatda, ykdysadyýetde, sosial durmuş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgerişlikleriň ruhy güýji ähli işe döredijilikli çemeleşmekde — medeni ilerlemelerdedir. Şoňa görä-de biz giň mazmuny, çeperligi we taryhy kökleri has çuň heňňamlara aralaşýandygy bilen kämilligiň ýölgörkeziji şamçyragyna öwrülen milli medeniýetimizi barha ösdürmek meselelerine aýratyn üns berýäris” diýýär. Halkymyzyň ruhy we maddy medeniýetini özara gatnaşyklar arkaly dünýä çykarmak, olary sünnäläp nesillere ýetirmek maksady bilen Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, şol sanda onuň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen özara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Geçen ýylyň özünde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege», Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralary döredildi. ÝUNESKO klublarynyň açylmagy hem ýaşlaryň döredijilik we ylmy-barlag işjeňligini kemala getirmek, olaryň öz ýurdunyň medeni gymmat

Asman atyndaky «Arkadag»

Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar her bir türkmenistanlyny ganatlandyrdy. Bu baradaky güwänamanyň, teleskopdyr onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy ähli halkymyz, esasan-da ylymdan ganatly ýaşlarymyz üçin ýatdan çykmajak şatlykly waka boldy. Gysga wagtyň içinde Arkadag atly şeýle ajaýyp şäheriň gurulmagynyň gudrata meňzeýşi ýaly, onuň adynyň hut Pegas ýyldyzlar toplumyndan täze tapylan ýyldyza dakylmagy-da haýran galdyrýar. Sebäbi Pegas — Gadymy Grek mifologiýasyndaky ganatly at. Araplardyr gadymy babyllylaram bu ýyldyzlar toplumyny «At» diýip atlandyrypdyrlar. Rowaýata görä, ýeliň tizligine eýe bolan Pegasyň toýnagyny uran ýerinden çeşme çykarmak ukyby bolupdyr. Gelikon dagyndaky Gippokren çeşmesiniň döremegini-de hut Pegas bilen baglanyşdyrýarlar. Ol çeşmeden şahyrlaryň ylham pyýalasyny doldurýandygy rowaýatlarda aýdylýar. Ylhamy joşa gelen şahyr barada: «Pegasa atlandy» diýilmegi-de şonuň bilen baglanyşykly.

Dostlaryň sazlaşykly owazy

Milli medeniýeti we sungaty çuňňur öwrenmek, ösdürmek, kämilleşdirmek, dünýä halklary bilen medeni gatnaşyklary berkitmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm wezipeleriniň biridir. Taryhymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, dilimiziň we ruhy gymmatlyklarymyzyň umumylygy halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň berk binýadyny emele getirýär. Medeniýet we sungat wekilleri Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän halkara çärelere — kino günlerine, bilelikdäki konsertlere, maslahatlara, sergilere, festiwallara yzygiderli gatnaşýarlar. Bular köptaraply medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. 2023-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynda 2024-nji ýylda Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegi teklip edipdi. Ine, ýakynda, ýagny 24-26-njy iýun aralygynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň geçirilmegi dost-doganlyk gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylýandygynyň güwäsine öwrüldi.

Şygryýet

Arkadagyň heýkeli Haýyr işi jäht tutduk, elbetde,Islegi bu raýatlaryň, her kimiň.Gurduk mekanlaryň ajabyn saýlap,Arkadagyň nurun saçýan heýkelin.

Edebiýata örklenen ömür

Suratda: şahyr agtyklary bilen. * * *

Tamdyr (Hekaýa)

Geň göräýmeli, edil özünden öňküleriň ýüz keşbini gaýtalaýyşlary ýaly, soňky ösdürimler käte bir döwürler seniň ýa-da sendenem ulularyň aýdan sözlerini gaýtalap goýberýärler. Ine, edil şu wagtam men mundan onlarça ýyl öňki pursaty täzeden ýaşan ýaly duýgynyň täsirinden çykyp bilmän durun. Pikire çümmez ýaly däl, hakykatdanam, ähli zat şol bir görnüşinde diýen ýaly gaýtalandy. Sorag berýän-ä ýedi-sekiz ýaşlaryndaky gyzjagaz, onuň öňünde duran hem esli ýaşan ene. Bir tapawut — öň sorag berýäniň ornunda bolanlygymdan, bu gün şol sowalyň jogabyny tapjak bolup huşuna agram berip duran enäniň ornuna geçdim.

Beýik sungatyň ýoly

Suratda: (çepden) Ata Ablyýew, Bibi Welmyradowa we Akmyrat Çaryýew. Irki döwürlerde obama-oba aýlanyp, toýlarda bagşylar diňlenipdir. Ahal welaýatynda «Garadaşaýak» diýlip atlandyrylan obamyz Gökdepe galasyndan öň hem bar eken. Aýdym-sazyň gadyr-gymmatyna düşünýän bu obalylara şol döwürler «müň öýli garadaşaýaklylar» diýipdirler.

Pyragyly dünýäniň ýolbeledi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hakyky agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, akademik Baýmuhammet Garryýew 1914-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Aşgabat şäheriniň Gökje obasynda daýhan maşgalada dünýä inýär. Onuň kakasy Ataly Garryýew partiýanyň Aşgabat şäher Geňeşiniň birinji çagyrylyşynyň deputaty bolmak bilen, obalarynda bilimi ornaşdyrmakda uly işleri bitirýär. Hatda öz öýüni mekdebe öwrüp, maşgalasy bilen köneje palçyk jaýda ýaşaýar. Ataly aganyň mekdebinden uçurym bolan ogullary Baýmuhammet, Nury, Aba, Seýit ýurdumyzda uly alymlar bolup ýetişýärler. Baýmuhammet on ýaşynda okuwyny Aşgabatdaky rus mekdebinde dowam etdirýär. 1928-nji ýyldan soň ol ylmy, çeper edebiýatlary, dürli resminamalary terjime edip başlaýar. Ýaşlykdan köp eserleri okamagy onuň ylmyň dürli pudaklaryna gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Emma türkmen diline, edebiýatyna, halk döredijiligine söýgüsi aýratyn güýçli bolan Baýmuhammet 1937-nji ýylda Aşgabat döwlet pedagogik institutynyň dil we edebiýat fakultetine okuwa girýär. Talyplyk ýyllaryndan türkmen diliniň, edebiýatynyň täze ädimleri barada çynlakaý pikirlenip, ylmy ekspedisiýalara gatnaşyp ugraýar. Ol 1940-njy ýylda meşhur alym, professor A.P.Poseluýewskiniň halypalyk etmeginde gysga wagtda bu ugurda uly ädimler ädýär. H.Baýlyýewiň hem gatnaşmagynda olar «Türkmen diliniň täze elipbiýiniň» taslamasyny ta

Manylar hazynasynyň dürdäneleri

Magtymguly Pyragynyň, şeýle hem türkmen nusgawy şahyrlarynyň döredijiligindäki syrly setirleriň ylmy çözgüdini halkyna bagyş eden merhum şahyr Annadurdy Eýeberenowyň «Syrly setirleriň çözgütleri» atly kitaby Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Kitapda A.Eýeberenowyň çözgütleri we düşündirişleri ýerleşdirilip, olar hekaýatlary, rowaýatlary, Gurhanyň beýanatlaryny, hatda taryhy wakalary öz içine alýar. Şeýle giň dünýägaraýyşlylyk bu täze ýygyndyny okanlaryň kalbyna Magtymguly Pyragynyň hem-de nusgawy şahyrlarymyzyň ruhy dünýäsiniň täze öwüşginlerini çaýar.

Miwajy (Rowaýat)

Türkmen halky özüni ekläp-saklaýan ene topragyň her bir pelini-goluny, guýusyny-ýabyny söýgüläp-sarpalap atlandyransoň, oňa rowaýat bagyşlap, perzentlerine miras goýupdyr. ...Ir döwürler bir çarwa baýyň bäş ogly bilen bir gyzy bar eken. Garry enesiniň elinde erkelenýän Miwe gyzyň hakyky ady tutulman «Enem gyzy, Enegyzym» diýlip söýgülenipdir. Ogullaryny öýeren baý, olaryň örňäp barşyna guwansa-da, ýeke gyzynyň ýanýoldaşynyň ýogalyp, onuň ýalňyzlygyna gussa çeker eken. Gyzynyň çolaşyk ykbalyna ýüregi bilen gyýlan baý: «Gyzymdan-da at galsyn» diýip, çöl ýerden bir sonarlykda gyzyna niýetläp guýy gazdyrýar. Emma guýudan şor suw çykýar. Muňa gaty gynanan Miwe: «Bu guýynyňam suwy meň maňlaýym ýaly şor eken. Ir gülmedik, giç gülmez. Giç gülmedik, hiç gülmez» diýip, gözýaş döküp aglapdyr. Ony gören guýy ussasy bilen kömekçisi Myrat atly ýigit baýdan rugsat alyp, bäş-alty çakyrym aňyrdan ikinji guýyny gazýarlar. «Yhlasa — myrat». Gijesini gündiz edip işlän ussalar süýji suwuň gözüni açýarlar. Ýazlagçylaryň ýanyna düýe çal, azyk-suwluk bahanasy bilen gatnaýan ýigidi, gelniň görkündenem beter, agraslygy, akyllylygy maýyl edipdir.

Tomus paslynda —

Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranyň. * * *

RembRandt

«Golland nakgaşçylygynyň altyn asyrynyň» meşhur wekili, eserlerinde ýagtylyk-kölege sazlaşygyny döretmegiň ussady Rembrandt Harmens wan Reýn 1606-njy ýylyň 15-nji iýulynda Leýdende dünýä inýär. 1635-nji ýylda döreden «Ermeni ruhanysy» atly işinden çen tutup, nemes taryhçysy Ýogannes Ýahn suratkeşiň adynyň «Harmens wan Reýn» diýen böleginiň «reýnli ermeniniň ogly» diýen manyny berýändigini aýdýar. Geljekki suratkeş çagalykda Leýden uniwersitetiniň ýanyndaky latyn mekdebinde bilim alýar. On üç ýaşynda ony leýdenli suratkeş Ýakob wan Swanerburga şägirtlige berýärler. 1623-nji ýylda Rembrandt Amsterdamda, esasan, taryhy, mifiki, dini eserleri döredýän suratkeş Piter Lastmanyň elinde okuwyny dowam etdirýär. 1627-nji ýylda Leýdene dolanyp baransoň, Rembrandt öz ussahanasyny açyp, okuwçy okadyp ugraýar. Onuň ilkibaşlangyç eserlerinde Piter Lastmanyň täsirleri duýulýar. Soňky eserlerine garanda, ol «Dawut Saulyň öňünde», «Agtanyň çokundyrylyşy», «Keramatly Stefanyň horlanyşy» ýaly irki işlerinde reňk öwüşginliligine, her bir zady jikme-jik şekillendirmeklige aşa köp üns beripdir.

Demokratik gymmatlyklara ygrarlylyk

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzda türkmen döwletiniň demokratik sütünlerini pugtalandyrmak, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak üçin zerur bolan ähli şertler döredildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelýän döwlet häkimiýet we dolandyryş düzümleri kemala geldi. Munuň özi agzybirligi, adalatlylygy ýörelge edilip geçilen ýoluň miweleridir. Munuň aýdyň alamatlarynyň biri-de her bir işe il-ulus bilen maslahatlaşylyp başlanylmagydyr. 7-nji iýulda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlar hem Garaşsyz Türkmenistanyň demokratik ýörelgelere ygrarlylygynyň nobatdaky görkezijisidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndaky: «Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamyň saglygy hem-de abadançylygy diýlip kesgitlenendir. Şonuň üçin ýurdumyzyň her bir raýatynyň arkasynda dag ýaly bolup döwletimiz durandyr, halkymyz üçin ähli mümkinçilikler döredilendir, adamlaryň her biri şol mümkinçiliklerden peýdalanmaga hem haklydyr, hem hukuklydyr» diýen sözleriniň durmuşy mysalyny ýurdumyzda dürli derejelerdäki saýlawlaryň geçirilişiniň mysalynda hem görüp bolýar. Çünki ýurdumyzda geçirilýän demokratik saýlawlar döwlet gu

Güller Saňa, reýhan Saňa, Arkadag!

Günler gözelligini, hoşamaýlygyny, hoşniýetliligini mähriban Arkadagymyzyň dünýäsinden alýandyr. Oňa sähelçe zynatym ýetse, meňziniň bir ýylgyrmasyna sebäp bolan setirlerim dörän bolsa bagtlydyryn. Gahryman Arkadagymyzyň manyly ömrüniň her pursaty, güni, sagady gymmatdyr bize. Sebäbi ol il-gün, ynsanlar, biziň her birimiz hakyndaky üznüksiz aladalara ýugrulandyr. Magtymguly Pyragy hut şu döwre — Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eşretli eýýamyna garaşandyr, ony şygyrlarynda arzuwlandyr. Wysalyny görendigimiz üçinem bagtlydyrys.

Beýik döwre joşgun, taryp ýaraşar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet hepdeligi ilkinji gezek Arkadag şäherinde uly ruhubelentlige beslenip geçirildi. * * *

Topraga yhlas — berekediň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmeler ýylyň-ýylyna ýetişdirilýän hasylyň artmagyny üpjün edýär. Şu günler hem ekin meýdanlarymyzda galla oragy barha gyzyşýar. Edermen gallaçylarymyzyň Watan harmanyna tabşyran ak bugdaýynyň eýýäm 1 million tonnadan geçendigi hem topraga siňdirilýän umumy yhlasyň guwandyryjy netijeleridir. Ata-babalarymyz topraga, hasyla hormat bilen garamalydygyny terbiýe mekdebiniň bir sapagy hökmünde durmuşymyza ornaşdyrypdyrlar. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Döwek döwülýän wagtynda Mirhaýdar babanyň hormatyna, harmanyň ýele tarapynda taýak dikilipdir. Hasyldan alnan däneden ilki bilen ýarma taýýarlanypdyr. Soň bugdaý üwelip un edilipdir we tamdyrlara yzly-yzyna ot goýberilipdir. Täze bişen çörek birek-birege hödür edilipdir. Sebäbi çöregiň tagamyndan bugdaýa edilen yhlasy duýupdyrlar». Bu aýdylanlar halkymyzyň ak bugdaý, umuman, hasyl, zähmet bilen baglanyşyklylykda ýerine ýetirilýän işleriň ählisine başdan-aýak uly yhlas bilen çemeleşendiklerini, ol zatlaryň aňyrsynda-da agzybirlik atly güýjüň durandygyny görkezýär.

Halyçylaryň toý sowgady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndan ruhlanyp, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden etrap çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary G.Çakanowa, O.Begliýewa, A.Akmämmedowa, O.Geldimyradowa, B.Gylyjowa, A.Hommyýewa dagy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň haly portretini dokadylar. Suratkeş Amanmyrat Gulberdiýewiň ýörite taýýarlan çyzgysy esasynda dokalan halynyň boýy 1.65 metr, ini 1.30 metr bolup, umumy meýdany 2.15 inedördül metre deňdir. 180-den gowrak dürli reňkli ýüplükler ulanylan, erşi tirjinden, argajy bükdürilen ýüpek, çitimlik ýüpi saryja goýnuň ýüňünden egrilen halynyň 1 inedördül metrinde 400 müň çitim çitilip, jemi hala 860 müň çitim siňdirilendir. Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen Medeniýet hepdeligine, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe özboluşly sowgat bolan halynyň merkezinde türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň keşbi we bahar paslynda gül-gülzarlyga beslenen dag tebigatynyň gözelligi utgaşdyrylyp görkezilýär. Ýeke argaçly ýara çitimli usulda dokalan täze halynyň gyrasyny gadymy «üzülmez», «alaja», «ýaşyl goçak», «gölçe» ýaly nagyşlar gurşaýar.