Köpetdag kyssalary

2 Awgust 2023
1182

Daşlar hem yrymlar

Yrym — bir zady ýagşylyga ýormak däbi. «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» bu söze şeýle düşündiriş berilýär. Adamyň durmuşyna gadym döwürlerden bäri çuň ornaşan daşlar bilen bagly yrymlar, aslynda, milli medeniýetimizde barmyka? Bolan bolsa gerek! Sebäbi başga zatlar bilen bagly yrymlar şu wagtam dowam edip gelýär-ä! Mysal üçin, zerurlyk ýüze çykyp, goňşudan ajy zat alnanda, onuň ýanyna jübüt edilip, süýji nygmatyň (iki düwür gandyň, kempudyň) goşulyp berilmegi ýa-da gijede-girimde gatykdyr süýt ýaly ak zatlar dilenip gelnende, ony bermegiň düzgüni halkymyzda berk saklanýar. Sebäbi bular adamlaryň arasynda hormaty hem mähremligi artdyrýar.

Seýitguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.