Gözel tebigaty goralyň!

1 Awgust 2023
994

Diýarymyzyň gözel tebigatyny ýangyndan goramak we bu ugurda howpsuzlyk düzgünlerini üpjün etmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şondan ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tebigatyň gözel ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek barada öz maslahatlary bilen ýüzlenýär.

Tokaý seýilgäh zolaklarda, daglarda, öri-sähra meýdanlarda zähmet çekýän işgärleriň arasynda jogapkär ýolbaşçylar tarapyndan ýangyn howpsuzlyk kadalary barada gönükdiriş gürrüňdeşlikleri geçirilmeli, berkidilen çäklerde degişli kadalary beýan edýän diwarlyklar, ilkinji ýangyn söndüriş enjamlary bilen üpjün edilen ýangyn germewleri oturdylmaly. Ösüp duran baglaryň arasyny guran haşal otlardan arassalamaly, hatar hem zolak aralarynda sürüm işlerini geçirip, ýangyn howpsuzlyk zolagyny döretmeli. Uly baglaryň howa arkaly geçirilen elektrik tok geçirijileri bilen galtaşýan ýerlerinde ýangyn howpy döremezligi üçin şahalaryny kesip aýyrmaly. Çäklerde işledilýän tehnikalaryň tüsseçykarlaryny uçgun söndüriş enjamy bilen üpjün edip, tehniki ýagdaýynyň gurat bolmagyny gözegçilikde saklamaly.

Mergen MERGENOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň müdiriniň orunbasary, içerki gullugyň maýory.