"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýurdumyz özgertmeler ýoly bilen öňe barýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny netijeli ösdürmek bilen bagly işler üstünlikli dowam etdirilýär. Muňa 21-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň Başlygynyň maglumaty, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlary diňlenildi. Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny ösdürmek bilen bagly öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekmek bilen, wise-premýerlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. MILLI KANUNÇYLYK BINÝADY BERKIDILÝÄR

Döwletara dialogyň täze derejesi

Türkmenistan döwletimiz «Açyk gapylar» syýasatyna laýyklykda, dünýä döwletleri bilen oňyn gatnaşyklary dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda alyp barýar. Bu gatnaşyklar ynanyşmak we birek-biregiň bähbitlerine laýyklyk esasyndaky dialog boýunça barha işjeňleşdirilýär. Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlara möhüm orun degişli bolup, 18-19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa ilkinji resmi sapary amala aşyrmagy möhüm ähmiýetli wakadyr. Türkmenistan bilen Malaýziýany birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli pugtalandyrylýar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Malaýziýa 2011-nji, 2016-njy ýyllarda amala aşyran resmi hem-de döwlet saparlarynyň, dostlukly ýurduň Hökümet Baştutanlarynyň 2014-nji, 2019-njy ýyllarda Türkmenistana bolan saparlarynyň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýadyny emele getirýändigini bell

Dostluk. Hoşniýetlilik. Ynanyşmak

Türkmen-malaý hyzmatdaşlygy bu günki günde ugurlaryň giň gerimi boýunça okgunly ösdürilip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyran ilkinji sapary we onuň dowamynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda, onuň gerimini giňeltmekde nobatdaky tapgyr boldy. Çünki Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, nebitgaz pudagy boýunça hyzmatdaşlyk iki dostlukly ýurduň arasynda alnyp barylýan gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň birini emele getirýär. Çünki Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, bu serişdeleri gözlemek, özleşdirmek we çykarmak boýunça iş alyp barýan öňdebaryjy kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýär. Milli nebitgaz pudagynyň işiniň kämilleşdirilmegi we onuň halkara energiýa ulgamyna işjeň goşulyşmagy häzirki zaman, ekologik taýdan arassa tehnologiýalara, öňdebaryjy dünýä tejribesine esaslanýan uglewodorod baýlyklarynyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyny üpjün edýär.

Bazar bolçulygy — il-günüň şatlygy

Oňa göz ýetirmek isleseň, edil şu günki gün ýurdumyzyň bazarlaryna we söwda merkezlerine baraýmaly. Ýylyň ähli paslynda-da rysgal-bereketden paýly halkymyzyň Aýazbabadyr Garpamygy, akja gardyr şöhle saçýan arçalary bize sowgat berýän Täze ýylyň öňüsyrasynda has hem şähtleri açyk, ruhlary belent. Ýüzleri gülüp duran ildeşlerimiz biri-birine mähribanlyk bilen ýüzlenip, nirede nämäniň barlygy bilen gyzyklanýarlar. Töwerekden: «Tüweleme, hemme ýerde-de zatlar bol. Döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun! Arada teleýaýlymdaky ähli zatlar bol we elýeterli bolmaly diýen sözlerini eşidip, gaty begendik» diýlen buýsançly sözler ýaňlanýar. Bu sözler hormatly Prezidentimiziň 29-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisini biygtyýar ýadyňa salýar. Şonda ýurdumyzyň söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer dekabryň 5-inden başlap, baýramçylyk söwdalary üçin ýurdumyz boýunça 850-den gowrak göçme söwda nokatlaryny guramaklygyň göz öňünde tutulýandygy baradaky hasabat bilen çykyş edipdi. Hormatly Prezidentimiz Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň bazarlaryny we söwda nokatlaryny azyk harytlary, gök, bakja we miwe önümleri bilen ýeterlik üpjün edip, ilatyň islegini doly kanagatlandyrmak barada tabşyryk beripdi. Azyk önümlerine diýseň bol bazarlarymyz we söwda merkezleri il aladasynyň tüýs ýerine düşendigini

Ýaşlar we Ýaşlar guramasy

■ Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda TMÝG-niň Merkezi geňeşiniň hem-de «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Ýaşlar — ýurduň geljegi, ýaşlyk — ömrüň gülşeni» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Welimyrat ÖWEZOW,TMÝG-niň Merkezi geňeşiniň bölüm müdiri.

Gymmatly taryhy-edebi hazyna

Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýyl iň täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljak şanly wakalar arkaly uly üstünliklere beslenýär. Şeýle ajaýyp wakalaryň biri-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyny halkymyza peşgeş bermegidir. Bu taryhy-filosofik eser hormatly Arkadagymyzyň halkymyzyň şöhratly taryhy we edebi mirasy hakyndaky toplan maglumatlarynyň paýhas dürüdir, şeýle-de gadymy oguz edebiýatynyň ähmiýetini açyp görkezmekde gymmaty egsilmejek çeşmedir. Halkymyzyň döreden milli gymmatlyklary, baý taryhy babatda durmuşa geçirilen ylmy, filosofik, çeper mazmunly işler geljekki nesillerimiz üçin gymmatly hazynamyzdyr. Hut şu jähetden alnanda, Milli Liderimiziň ilimize serpaý eden eserleri — «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Älem içre at gezer», «Janly rowaýat», «Döwlet guşy», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...», «Arşyň nepisligi», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» ýaly çuňňur pelsepä ýugrulan ajaýyp kitaplary, şol sanda «Hakyda göwheri» atly täze eseri türkmen paýhasynyň kemala gelmeginde tapylgysyz milli ruhy we medeni gymmatlygymyzdyr.

Magtymgulynyň taglymatynda ömri dogry ýaşamak (Makalalar toplumy)

DOGRY UKY ÖMRÜŇI UZALDÝAR ýa-da GIJÄNI NÄHILI GEÇIRMELI? Uky — ynsan ogluna berlen iň uly nygmatlaryň biri. Ol adam saglygyny we durmuşyny goldaýan iň möhüm faktorlaryň hatarynda durýar. Hiç bir derman ýa-da serişdeler bilen onuň öwezini dolup bolmaýar. Adam saglygynyň aýrylmaz bölegi bolan uky ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegini, immunitetiň güýçlenmegini üpjün edýär we stresiň derejesini azaldýar. Uky diňe bir dynç alyş üçin däl, eýsem, beýniniň we bedeniň täzelenmegi, duýgurlyk, ýatkeşlik, fiziki kuwwat we ruhy saglyk üçin hem möhüm zerurlykdyr. Dogry we ýeterlik ukyny almak adamyň işjeňligini, döredijiligini hem-de umumy bagt duýgusyny ýokarlandyrýar.

Göwün gyşa meňzemesin! (Durmuş we biz)

Gözelligi, tämizligi tebigata sowgat edip ýagýan gar daş-töweregi aklyk bilen bezedi. Bu pursat içki dünýäňde şatlyk uçgunjyklaryny emele getirýär. «Wah, şu wagt çaga bolsaň-da, gar oýnap, keýpden çyksaň. Ýa-da garda typsaň, hezil edip garadam ýasasaň...» diýip, öz ýanyňdan pikir ýumagyny çöşläbereniňi-de duýman galýaň. Asmandan düşüp, şemalyň ugruna tans oýnaýan garlar her kimem çagalyk ýatlamalaryna dolaýan bolsa gerek. Şol geçen gözel günleriň juda hezildigini diýsene. Çagakak gar ýagdygy, paltodyr elliklerimizi geýip, ejemiziň: «Daşary sowuk, kän gar oýnamaň, üşärsiňiz ýogsam. Ýykylyp, bir ýeriňizi agyrdaýsaňyz näme?» diýip berýän tabşyryklaryny-da ýadymyzdan çykaryp, göni köçä eňerdik. Ejem daşaryk goýbermejegem bolardy käteler. Onda-da doganym ikimiz her edip, hesip edip, ejemizi yrardyk. Goňşularymyzyň çagalary bilen garlaşardyk, gülşerdik, taýgançak ýollarda typyp-typyp, heziller ederdik. Şol süýji ýatlamalary ýatlamagyň özi-de saňa täsin duýgulary bagyş edýär. Süýji gussa bolsa bir ýandan göwün şelpelerini ýuwaşlyk bilen yrap geçýär... * * *

Aýazbaba çagalardan hat

Megerem, çagakak Aýazbaba hat ýazmadygymyz ýokdur. Täze ýyl golaýlasa, şindem jigim bilen Aýazbaba hat ýazyp, penjirä seredip oturyşymyz ýadyma düşýär. Şol gün: «Ýatmaly däl» diýip dilleşipdik. Barybir bolmady, uky höwesimizden üstün çykdy. Adatdakylar ýaly, Aýazbaba ýene görünmän gelip gitdi... Hawa, çagalygyň özi giden bir dünýä. Özem hiç wagt ýatdan çykmaýan, ýagşysy-ýamany bilen aňyňa kebşirlenip galýan älem. Şonuň üçin Täze ýyl şowhunyna çagalar ýaly ýürekden begenýän başga birini tapaýmak diýseň çetin. Haçan-da olar bilen söhbetdeş bolanyňda, nädip ýylgyranyňy hem duýman galýarsyň. Olaryň kiçijek ýüreklerinde besleýän arzuwlaryny eşitmek bolsa juda ýakymly. Biz hem «Nesiliň» şu sanynda körpejelerimiziň Täze ýylda Aýazbabanyň salgysyna ýollan hatlarynyň birnäçesiniň mazmunyny okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirýäris. Bu hatlaryň gazetimiziň üsti bilen Aýazbabanyň salgysyna has çalt gowuşjakdygyna bolsa tüýs ýürekden ynanýarys. ■ Salam, Aýazbaba! Men Aşgabat şäherinden Medine. Şu ýyl men ýedi ýaşaýan. Arada ejem bilen bazarda aýlanyp ýörkäk gowy köýnek gördük. Ejem: «Täze ýyldan soň alyp bererin» diýdi. Täze ýyl agşamy ejem bilen meňzeş geýner ýaly, şol köýnekden ikimize-de sowgat edäý, Aýazbaba! Geçen ýylky ugradan gyş ädigiňiz üçinem köp sag boluň!

Aýazbaba bolasym gelýär (Kim bolasyň gelýär?)

Täze ýyl golaýladygy, beýleki çagalar bilen birlikde men hem Aýazbabanyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşyp başlaýaryn. Ony hemme çagalar gowy görýär. Şonuň üçin hemişe Aýazbaba bolmagy arzuw edýärin. Sebäbi Aýazbabaň bar ýerinde çagalaryň arzuw-islegleri hasyl bolýar. Ol bir gezek jadyly hasasyny galdyrsa, sowgatlar setir-setir bolup düzüliberýär. Men häzir 6 ýaşymda, täze ýylda bolsa 7 ýaşaýaryn. Menden: «Ulalaňda kim bolasyň gelýär?» diýip sorasalar, hökman: «Aýazbaba bolasym gelýär» diýip jogap berýän. Edil Aýazbaba ýaly, meniňem adamlara şatlyk paýlasym, olary begendiresim gelýär. Ynha, görersiňiz, Aýazbaba bolamda men bu aýdanlarymyň hemmesini aňryýany bilen ýerine ýetirerin. Körpeleriň ýazan hatlaryny okaryn, diýen sowgatlaryny paýlaryn.

Şygryýetdäki ilkinji ädimler

TÄZE ÝYL ŞATLYGY Ýetip geldi Täze ýyl,Toý şatlyga gurşalyp.Dillerimiz saýrap dur,Göwünlermiz joş urup.

Öýkelek (Hekaýa)

Ol juda öýkelek. Üstesine-de dawaçyl. Biri göwnüne degäýse dagy, uzyn günläp öýüň burçunda süsek geçi ýaly mölerilip oturandyr. Şeýle bolansoň, hatda dostlary hem onuň bilen oýnamak islemeýärdiler. Dagy näme, aşyklaryny utdursa-da möňňüriberýär. Ol bu günem ejesiniň kejine kän gitdi. Bahanasyny hem jigisi Tultujagyň (Onuň ady Myratdy, ýöne tokarja bolansoň, oňa hemmeler Tultujak diýerdiler), hawa-hawa, Tultujagyň horazsüýjüsinden başlady. «Oňa uly horazsüýji beripsiňiz, ýogsam, meniň horazsüýjim gutaranda onuňkam gutarardy» diýip, şumjaryp otyr. Dişi bilen kitirdedip, lak-luk atypdyrdanym. Ejesi oňa: «Oglum, Täze ýylyň öňüsyrasynda öýkelemek bolmaýar, ýogsa Aýazbaba saňa sowgat getirip bermez» diýdi. Emma Kemaljyk ýene ejesiniň kejine gitdi: «Aldaýaňyz, hakyky Aýazbaba ýok. Geregem däl sowgat. Aýazbaba ýok hiç ýerde-de. Men çaga däl indi. Serediň boýuma, öň çyramyzy ýakamda aýagymyň aşagyna iki sany ýassyk goýýardym, indi ýassyk goýmanam öçürip bilýän» diýdi-de, çyrany ýakyp-söndürip, ýakyp-söndürip, bezzatlygyna tutduryberdi...

Meşhur sugunlar (Sizi bular gyzyklandyrýarmy?)

Täze ýylyň iň ýakymly aýratynlyklarynyň biri-de Aýazbabanyň meşhur sugunlarydyr. Garpamygyň, arçanyň bu baýramyň esasy nyşanlary bolşy ýaly, Aýazbabanyň sugunlary hem baýramyň esasy gahrymanlarydyr. Sugunlary Täze ýyl baýramy bilen baglanyşdyrmak hakdaky pikirler ilkinji gezek amerikan şahyry Klark Muruň goşgusyndan soňra peýda bolýar. Goşguda Aýazbabanyň sekiz sany jadyly sugunda uçup, çagalara sowgat paýlaýşy hakda beýan edilýär. Şunlukda, bu sugunlar Täze ýylyň söýgüli gahrymanlary hökmünde tanaldy. Şondan soňra olara mahsus häsiýetler we atlar dürli eserlerde beýan edilip başlandy.

Türkmenistan — Malaýziýa: dostlukly gatnaşyklaryň täze tapgyry

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu jähetden, 18-19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa ilkinji resmi sapary amala aşyrmagy möhüm ähmiýete eýe bolup, türkmen-malaý gatnaşyklarynyň täze tapgyryny alamatlandyrýar. ÇÄKLI DÜZÜMDÄKI GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy

(Putrajaýa şäheri, 2024-nji ýylyň 19-njy dekabry) Hormatly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri!

Ýurdumyzda awtomobil sporty belent derejelere çykarylýar

Gahryman Arkadagymyz IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy Soňky ýyllarda awtomobil sportuny ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler ilatyň, ilkinji nobatda, ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmeklerine gönükdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 19-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gyş paslynyň säheriniň irki pursatlarynda Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy.

Möwsümleýin işler göwnejaý ýerine ýetirilýär

Häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işler möhüm ähmiýete eýe bolup, bu işleriň ýokary hilli, guramaçylykly alnyp barylmagy wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, 16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Häkimleriň hasabatlarynda welaýatlaryň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça, şeýle-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynyň özenini bolsa ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky maglumatlar düzdi.

Netijeli gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyk edýär. Iri halkara guramalar, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Muny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky kabul edişlikleri aýdyňlygy bilen tassyklaýar. TÜRKMENISTAN — ÝAPONIÝA: DÖWLETARA HYZMATDAŞLYGYŇ BERK BINÝADY

Sanly tehnologiýalar: oňyn tejribe — bagtyýar geljek

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamlar, «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylyp, emeli aň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Şonuň netijesinde halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr. 18-nji dekabrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, «akylly» we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi şu jähetden wajyp ähmiýete eýedir. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän Arkadag şäheri «akylly» şäher gurluşygynyň milli nusgasy bolup, dünýä binagärliginiň öňdebaryjy gazananlaryny we tehniki üstünlikleri özünde jemleýär. Bu ýerde halkara ölçeglere gabat gelýän toplumlaýyn düzümler, şol sanda tebigaty goramak babatda netijeli çözgütler ilatyň abadan durmuşyny üpjün edýär. Onuň çäginde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berlip, desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdelerden peýdalanylýar. Şu gezekki halkara ylmy-amaly maslahat hem bu ugurda ulgamlaýyn esasda işleri alyp barmak, milli tejribäni paýlaşmak, «akylly» şäher konsepsiýasyny yzygiderli ornaşdyrmak maksady bilen guraldy.

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» ýapon dilinde

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby durmuş ulgamynyň dürli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýan we eziz Watanymyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşýan türkmen ýaşlaryna bagyşlanýar. Şu jähetden, 18-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döwlet Baştutanymyzyň bu eseriniň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Geçen ýylyň dekabrynda çapdan çykan we ýaş nesiller üçin möhüm gollanma öwrülen bu kitap daşary döwletlerde hem uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda ýapon diline terjime edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Şoňa görä-de, tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä paýtagtymyza sapar bilen gelen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary-da çagyryldy.