"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dünýäniň bar görki enedir, ene

7-nji martda milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça köp çagaly eneleri hormatlamak dabarasy geçirildi Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen dabarada Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren enelerine Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy. Şeýle hem paýtagtymyzyň häkimliginiň binasynda köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.

Zenana sarpa bar biziň illerde

Ynsan nesliniň dowam etmeginde zenanyň orny we adamzat üçin eneligiň ähmiýeti möhüm bolup durýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda maşgala, enelik we çaga döwlet tarapyndan goralýar, zenanlarymyza aýratyn hormat-sarpa goýulýar. Her ýylyň 8-nji martynda Halkara zenanlar gününiň giňden we dabaraly ýagdaýda bellenip geçilmegi, zähmetde tapawutlanýan aýal-gyzlarymyza «Zenan kalby» ordeniniň, sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren enelerimize «Ene mähri» hormatly adynyň dakylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, gender deňligi aýallara we erkeklere ähli ugurlarda deň mümkinçilikleriň berilmegini üpjün edýär. Zenanlaryň kanuny bähbitlerini, hukuklaryny goramak, olara döwlet tarapyndan ýeňillikleri döretmek jemgyýeti durnukly ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri hasaplanýar. Şoňa görä, Türkmenistan ýurdumyzda eneligi goldamak, zenanlaryň döwletimizdäki we jemgyýetimizdäki derejesini ýokarlandyrmaga, milli kanunçylyga we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda gender deňligini üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň kanunçylyk binýady zenanlara hojalyk, syýasy, medeni we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda erkekler bilen deň hukuklary berýär. Häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zenanlarymyzyň zähmet çekýändigi hem muny tassyklaýar.

Zenanlar — Zemin zynaty

7-nji martda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde baýramçylyk konserti geçirildi Mälim bolşy ýaly, 8-nji mart baýramy zenanlara bolan çäksiz söýgini sungatyň üsti bilen beýan etmek, olaryň gözelligini we ajaýyplygyny wasp etmek üçin şanly senedir. Şoňa görä, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň zenanlaryna bagyşlanyp, Mukamlar köşgüniň sahnasynda guralan çykyşlar döwrümiziň belent döredijilik ruhuny, milli sungatymyzyň iň ajaýyp däpleriniň dowamatlygyny aýdyň görkezdi.

Bagtyýarlyk döwrüniň bagtly eneleri

Toý-baýramlary goşalanyp gelýän eziz Diýarymyz Halkara zenanlar güni mynasybetli hem şatlyk-şowhuna beslendi. Ýurdumyzyň ähli ýerinde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdirýän mährem eneleri sylaglamak dabaralary geçirildi. Baharyň ilkinji näzik güllerine basyrynyp gelen pursadynda ýaz göwünli zenanlarymyzyň ýürek buýsançlaryny diňlemek örän ýakymly. Aýperi GULBERDIÝEWA, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabyndan, öý hojalykçy:

Gözellik — gyzlaryň baky mirasy

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda zenanlarymyzyň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, hususan-da, jemgyýetçilik-ynsanperwerlik ugurlarynda öz ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şoňa görä, gelin-gyzlarymyz dürli hünär ugurlary boýunça bilim alýarlar, milli däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýe kadalarymyzy mynasyp dowam etdirýärler. Muny üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen «Talyp gözeli — 2021» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry nobatdaky gezek tassyklady.

Üstünlik gazanmagyň syry — okamak

Köp adam kitap okamagy boş wagtyny peýdaly geçirmek üçin güýmenje hasaplaýan hem bolsa, aslynda, kitap okamagyň uly peýdasy bar. Kitap gözýetimiňi giňeldýär. Bilermenler kitap okamagy üstünlik gazanmagyň syry hasaplaýar. Okamak adamyň söz baýlygyny artdyrýar. Köp okan adam meseleleri çözmäge başgaça çemeleşýär. Bilermenler kitap okamagy endik etmek üçin aşakdakylary maslahat berýärler. Ýuka kitaplary okaň! Endik etmedik bolsaňyz, birbada küti kitaby göreniňizde okamaga bolan höwesiňiziň gaçmagy mümkin. Şol sebäpli ilki has ýukarak kitaplary okap başlaň!

Mähremligiň we gözelligiň waspy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylda Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan çäreler milletiň ruhy gymmatlyklarynyň dabaralanýandygyny, halkymyzyň gadymy mukaddes däplerine, öý-ojagyň söýesi hasaplanylýan enelere hormat goýmak ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan wakalara beslendi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watana bolan egsilmez söýgi, buýsanç bilen ýaşaýan zenanlarymyz halal zähmeti, asylly kesbi-käri bilen Garaşsyz döwletimize şan-şöhrat getirýärler.

Alkyşlarymyz ýürekdendir, Arkadag!

Gulaýym JUMAMYRADOWA,Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýesi: — Indi ençeme ýyl bäri ýurdumyzda asylly däbe öwrülen tutumly başlangyç — sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere hormatly ady dakmak baradaky sahawatly çözgüt öz miwesini berip gelýär. Şu ýyl şeýle sahawata mynasyp bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Maşgalamyzda ýanýoldaşym Bezirgen Arazmedow bilen terbiýeläp ýetişdirýän alty gyz, iki ogul perzentlerimiziň ýurdumyzyň bagtyýar geljegini üpjün etmäge gönükdirilýän asylly işlere mynasyp goşant goşmak ruhunda kemala gelmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Şeýle şatlykly, özüm hem maşgalam üçin owadan bagtyň miýesser bolan gününde munuň biziň üçin uly borçdugyny tüýs ýüregimden, ene mährime garyp uly ynam bilen aýdýaryn. Bize şeýle bagt nesibesini rowa gören hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!

Döwletli ýörelgäniň sahawat peşgeşi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ajaýyp bahary ýurdumyzda indi asylly däbe öwrülen beýik tutumlar bilen başlandy. Halkara derejesinde bellenilýän zenanlar güni mynasybetli guralan dabaralar baharyň owadan görnüşlerine özboluşly sazlaşygy emele getirdi. Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly çözgüdi bilen, welaýatymyzdan hem Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneleriň ikisine ähli amatlyklary bolan jaýlardan täze öýleriň açarlary gowşuryldy. Halkymyzyň gadymdan gelýän döwletlilik ýörelgeleriniň bir görnüşi hasaplanýan bu asylly iş hormatly Prezidentimiziň köp çagaly maşgalalar, olaryň durmuş üpjünçiligi baradaky aladalarynyň oňyn çözgüdini tapýandygynyň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.

Baharyň waspy el işlerinde

Golaýda Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarynyň arasynda «Parahat ýurdumyň gözel bahary» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň düzgünnamasyna görä, talyp ýaşlar sungatyň dürli görnüşleriniň üsti bilen gözel tebigatymyza özboluşly röwüş çaýýan bahar paslynyň gözelliklerini el işlerinde beýan etdiler. Bäsleşigiň esasy maksady tebigat we onuň gözellikleri arkaly ýaşlaryň kalbynda watansöýüjilik duýgusyny oýarmakdan, olarda milli medeniýetimize, sungatymyza bolan söýgini döretmekden ybaratdyr. Gözelligi duýmak, ony el işlerinde beýan edip bilmek ukybyny ösdürmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşik çeper elli ýaşlary ýüze çykardy.

Hormatly atlaryňyz gutly bolsun, mähriban eneler!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny dakmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda ýurdumyzyň sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleriniň bir toparyna Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly ady dakyldy. Olaryň arasynda biziň welaýatymyzyň wekilleri hem bar: Mary welaýatynyň Mary şäherinden öý hojalykçy Zöhre Amanowna Kiçiýewa,

Bahar paslynyň goýnunda

Gözel ülkämize ynsan kalbyny heýjana getirýän bahar pasly geldi. Daş-töwerekde çagalaryň şadyýan gülküleri, guşlaryň owadan saýraýan owazlary, meýdandaky owlak-guzularyň sesleri pasyllaryň şasy bahar paslynyň gelenini söýünçli buşlaýar. Bahar paslynyň gelmegi biziň kalplarymyzda tebigatyň gözel pursaty bolan gül-gülälekli, jümjümeli pursaty ajaýyp öwüşgin bolup açylýar. Tebigatyň şeýle gözelligi bolsa, ynsan durmuşynyň sazlaşygyndan, asuda ýaşaýşyň bakylygyndan nyşandyr. Säheriň zenan näzikligi deý, gül-gülälekleriň başyny çalaja yraýan arassa howasy bolsa, ynsan ýüreginde näzijek duýgyny oýarýar. Ýaz paslynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary bellenilip geçilýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da, zeminiň lälesi bolan zenanlarymyzyň şatlygyna- -şatlyk, gözelligine-gözellik goşýan bu baýramyň dabarasy dag aşdy.

Baýramçylyga bagyşlanylan dabaralar

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň Halkara zenanlar gününiň baýramçylyk dabarasy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň çar künjeginde belentden ýaňlandy. Bu senäniň ýurdumyzda giňden bellenilmegi hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen mährem enelerimize, gelin-gyzlarymyza goýulýan, belent sarpa, zenanlarymyzyň eşretli durmuşda päk zähmet çekip, döwrebap dynç almaklaryna döredilýän şertlere, olar hakynda edilýän uly aladalara şaýatlyk edýär. Ajap eýýamymyzda gelin-gyzlarymyzyň erkek adamlar bilen deň hatarda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamlarynda, harby we hukuk goraýjy edaralarynda döredijilikli zähmet çekmeklerine zerur şertler döredilýär. Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän dabaraly çärelerde türkmen zenanlaryna sarpa goýmak asylly däbe öwrüldi. Golaýda şu senä bagyşlanyp Mary şäherindäki welaýat medeniýet köşgünde baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu çärede 8 we şondan köp çagany dünýä inderen enelere “Ene mähri” diýen hormatly adyň nyşanynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Baýramçylyk dabarasynda welaýat häkimi Döwranberdi Annaberdiýew çykyş edip, ýygnananlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan köp çagaly eneler hakynda edilýän uly aladalar dogrusynda durup geçdi. Şeýle hem bu çärede 8 we şondan köp çagany dünýä inderen enelere hormatly Prezidentimiziň adyndan “Ene mäh

Mähriban siz, eneler

Dünýä görki lälezar. Siziň bilen, eneler.

Eziz enelerimiz, size buýsanýarys

Ene hakynda söhbet açmagyň özi göwnüňi ganatlandyrýar. Ene, gör, nähili belent mukaddeslik, ol maşgalanyň söýesi, ojaklaryň ýylysy, oba-kentlerimiziň ýaraşygy, märekeleriň gelşigi. Munuň şeýledigine, hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden, çuňňur pähim-paýhasyndan kemal tapan “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly eserini okanyňda we onuň içinden eriş-argaç bolup geçýän gelin-gyz edebi, zenan mertebesi, ene mukaddesligi bilen baglanyşykly durmuş filosofiýasyna aralaşanyňda hem göz ýetirýärsiň. Eneler dünýämiziň owaldan-ahyra çenli öçmez keramatydyr. Olar bilen durmuşymyz ajaýyplyga, ýollarymyz ýagtylyga, täleýlerimiz bagtlylyga eýedir. Dünýäde taýsyz gözellik bar bolsa, ol diňe ene kalby bolup biler.

Mähirli gutlaglaryň ýaňy

Ajap eýýamymyzda mähriban halkymyzyň toýlary toýlara ulaşýar. Bu toý-baýramlar mähriban Prezidentimiziň öz halkyna peşgeş beren ajap eýýamynda aýratyn şowhun-şagalaňa beslenip, il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Şirin aýdym-sazlara, şowhunly tanslara beslenip, giňden bellenilýän baýramçylyk dabarasy gadymy türkmen topragyna baharyň gelendigini buşlaýar. Bu baýramçylygyň aýratynlygy şu günler mähriban enelerimize, uýalarymyza, gelin-gyzlarymyza goýulýan sylag-sarpanyň buýsançly belentliklere çykýanlygyndadyr. Milli Liderimiziň aladasy bilen türkmen zenanlarynyň abadan durmuşda zähmet çekip, bagtly günlerde ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilýär.

Zenan kalbymyzyň alkyşy

Türkmen halky gadym eýýamlardan bäri zenan maşgalalara bimöçber uly sarpa goýup gelipdir. Öýüň söýesi hasaplanylýan zenan mertebesi belende göterilip, onuň at-abraýy bütin maşgalanyň, obanyň, abraýy hasaplanylypdyr. Diýmek, bu günki günde “Dünýäniň bar görki enedir-ene” diýýän türkmeniň bu ýörelgesi özüniň gözbaşyny juda aňyrdan alyp gaýdýar. Munuň şeýledigine halk döredijiligine salgylansaňam, beýik Magtymgula ýüzlenseňem, göz ýetirip bolýar. Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,

Bir asyry arka atan ene

Bir asyry arka atan ene mähirli garşylap, «Geleweri, balam!” diýýär welin, dünýäň giňelýär. Salam-helikden soň, durşy bilen nakyla meňzeş sözlerini diňläp, soraglarymy berýän. «Ogulgözel daýza, tüweleme, ýüz ýaşapsyňyz, gutly bolsun!”. «Sag bol, balam”. «Size güneşli Türkmenistanyň ilkinji mugallymlarynyň biri diýýärler” diýdim welin, Ogulgözel daýza söze başlady. — Rastdyr, balam. 1930-njy ýylda ilkinji alym, magaryfçy, terjimeçi hökmünde uly hormata eýe bolan obadaşym Allaguly Garahanowyň Mary şäherinde esaslandyran ýaşlar mekdebine okuwa girdim. Iki ýyldan türkmen, rus dilleri boýunça ders berýän mugallym bolup, obamyzdaky mekdepde çaga okadyp başladym. Kolhozymyzyň şähere ýakynlygy üçin men rus, ermeni çagalary bilen bile oýnaýardym. Ol bolsa dürli dilleri öwrenmegime, ösmegime ýardam berýärdi. Galyberse-de, kolhozyň başlygynyň orunbasary bolup işleýän kakam Kömek Aly «Halal kesbi tap diýseler çaga okatmakdan halal zat ýok” diýip, ejem Enejanam ony goldap, ikisi meniň kynçylyk çeken ýerimde kömek, goldaw berdiler. Ilki obamyzda, soň durmuşa çykan ýerimde, mekdepde okuwçylara harby ugurdan tälim berýän gaýynatamyň ogly Çepi Amma oglunyň ýardamy bilen 1942-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginde mugallym, çagalar bagynda terbiýeçi bolup işe başladym. Şol ýerde hem soň etrap magaryf bölümine ýolbaşçy bolan Agahan Batyra gabat geldim. Menden üç ý

Pensiýalaryň görnüşleri

Türkmenistanda pensiýalaryň şu aşakdaky görnüşleri bellenilýär: - ýaşy boýunça pensiýa;

Maksat — saýlawlary guramaçylykly geçirmek

Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlygyň çäginde okuw maslahaty geçirildi. Milli synçylar bilen geçirilen okuw maslahatyny welaýat saýlaw topary gurady. Okuw maslahatynda welaýat saýlaw toparynyň başlygy Amanýaz Orazmyradow çykyş edip, şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ähmiýeti, bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň degişli kanunçylyga laýyklykda geçmeginde milli synçylaryň orny dogrusynda aýdyp, öňde duran wezipelere ünsi çekdi. Onuň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň beýleki ugurlary bilen birlikde, saýlaw ulgamynyň hem işiniň has-da kämilleşdirilmegine, saýlawlaryň guramaçylykly, milli kanunçylygymyza we halkara kadalaryna laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegine aýratyn üns gönükdirýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça häzirki günlerde edilýän tagallalar hem bu ugurda aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.