Döwletli ýörelgäniň sahawat peşgeşi

8 Mart 2021
971

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ajaýyp bahary ýurdumyzda indi asylly däbe öwrülen beýik tutumlar bilen başlandy. Halkara derejesinde bellenilýän zenanlar güni mynasybetli guralan dabaralar baharyň owadan görnüşlerine özboluşly sazlaşygy emele getirdi. Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly çözgüdi bilen, welaýatymyzdan hem Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneleriň ikisine ähli amatlyklary bolan jaýlardan täze öýleriň açarlary gowşuryldy. Halkymyzyň gadymdan gelýän döwletlilik ýörelgeleriniň bir görnüşi hasaplanýan bu asylly iş hormatly Prezidentimiziň köp çagaly maşgalalar, olaryň durmuş üpjünçiligi baradaky aladalarynyň oňyn çözgüdini tapýandygynyň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.