Üstünlik gazanmagyň syry — okamak

8 Mart 2021
1230

Köp adam kitap okamagy boş wagtyny peýdaly geçirmek üçin güýmenje hasaplaýan hem bolsa, aslynda, kitap okamagyň uly peýdasy bar. Kitap gözýetimiňi giňeldýär. Bilermenler kitap okamagy üstünlik gazanmagyň syry hasaplaýar. Okamak adamyň söz baýlygyny artdyrýar. Köp okan adam meseleleri çözmäge başgaça çemeleşýär. Bilermenler kitap okamagy endik etmek üçin aşakdakylary maslahat berýärler.

Ýuka kitaplary okaň! Endik etmedik bolsaňyz, birbada küti kitaby göreniňizde okamaga bolan höwesiňiziň gaçmagy mümkin. Şol sebäpli ilki has ýukarak kitaplary okap başlaň!

Maýsa ANNAÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň mugallymy.