Baharyň waspy el işlerinde

8 Mart 2021
856

Golaýda Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarynyň arasynda «Parahat ýurdumyň gözel bahary» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň düzgünnamasyna görä, talyp ýaşlar sungatyň dürli görnüşleriniň üsti bilen gözel tebigatymyza özboluşly röwüş çaýýan bahar paslynyň gözelliklerini el işlerinde beýan etdiler. Bäsleşigiň esasy maksady tebigat we onuň gözellikleri arkaly ýaşlaryň kalbynda watansöýüjilik duýgusyny oýarmakdan, olarda milli medeniýetimize, sungatymyza bolan söýgini döretmekden ybaratdyr. Gözelligi duýmak, ony el işlerinde beýan edip bilmek ukybyny ösdürmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşik çeper elli ýaşlary ýüze çykardy.

Gurban GURBANOW.