Bahar paslynyň goýnunda

8 Mart 2021
978

Gözel ülkämize ynsan kalbyny heýjana getirýän bahar pasly geldi. Daş-töwerekde çagalaryň şadyýan gülküleri, guşlaryň owadan saýraýan owazlary, meýdandaky owlak-guzularyň sesleri pasyllaryň şasy bahar paslynyň gelenini söýünçli buşlaýar. Bahar paslynyň gelmegi biziň kalplarymyzda tebigatyň gözel pursaty bolan gül-gülälekli, jümjümeli pursaty ajaýyp öwüşgin bolup açylýar. Tebigatyň şeýle gözelligi bolsa, ynsan durmuşynyň sazlaşygyndan, asuda ýaşaýşyň bakylygyndan nyşandyr. Säheriň zenan näzikligi deý, gül-gülälekleriň başyny çalaja yraýan arassa howasy bolsa, ynsan ýüreginde näzijek duýgyny oýarýar.

Ýaz paslynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary bellenilip geçilýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da, zeminiň lälesi bolan zenanlarymyzyň şatlygyna- -şatlyk, gözelligine-gözellik goşýan bu baýramyň dabarasy dag aşdy.