Zenana sarpa bar biziň illerde

8 Mart 2021
978

Ynsan nesliniň dowam etmeginde zenanyň orny we adamzat üçin eneligiň ähmiýeti möhüm bolup durýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda maşgala, enelik we çaga döwlet tarapyndan goralýar, zenanlarymyza aýratyn hormat-sarpa goýulýar. Her ýylyň 8-nji martynda Halkara zenanlar gününiň giňden we dabaraly ýagdaýda bellenip geçilmegi, zähmetde tapawutlanýan aýal-gyzlarymyza «Zenan kalby» ordeniniň, sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren enelerimize «Ene mähri» hormatly adynyň dakylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, gender deňligi aýallara we erkeklere ähli ugurlarda deň mümkinçilikleriň berilmegini üpjün edýär. Zenanlaryň kanuny bähbitlerini, hukuklaryny goramak, olara döwlet tarapyndan ýeňillikleri döretmek jemgyýeti durnukly ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri hasaplanýar. Şoňa görä, Türkmenistan ýurdumyzda eneligi goldamak, zenanlaryň döwletimizdäki we jemgyýetimizdäki derejesini ýokarlandyrmaga, milli kanunçylyga we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda gender deňligini üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň kanunçylyk binýady zenanlara hojalyk, syýasy, medeni we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda erkekler bilen deň hukuklary berýär. Häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zenanlarymyzyň zähmet çekýändigi hem muny tassyklaýar.

Altyn USSAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.