Gözellik — gyzlaryň baky mirasy

8 Mart 2021
1161

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda zenanlarymyzyň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, hususan-da, jemgyýetçilik-ynsanperwerlik ugurlarynda öz ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şoňa görä, gelin-gyzlarymyz dürli hünär ugurlary boýunça bilim alýarlar, milli däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýe kadalarymyzy mynasyp dowam etdirýärler. Muny üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen «Talyp gözeli — 2021» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry nobatdaky gezek tassyklady.

Kakajan ÇARYÝAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby, «Nesil».