"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Nurly pasyldaky nurana baýram

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşyp, olar halkymyzyň bagtyýar, abadan, asuda, bolelin durmuşyň hözirini görýändiginiň özboluşly subutnamasy bolup dabaralanýar. Kalplary buýsanja besleýän şeýle baýramlaryň biri-de Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz günüdir. «Nowruz dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri hökmünde umumadamzat medeni ösüşinde aýratyn orun eýeleýär. Dünýäniň köp halklary bilen birlikde türkmen halky ylhamyň we joşgunyň, ýagşy umytlaryň hem-de hoşniýetli arzuwlaryň gözbaşy bolan bu nurana bahar baýramyna uly sarpa goýýar» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ajaýyp zamanamyzda bu nurana baýramyň gadyr-gymmaty has-da artdy, ol täze many-mazmuna, röwşe beslendi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda Halkara Nowruz güni diýlip yglan edilmegi bilen bolsa, ol dünýä derejesindäki şanly seneleriň hataryna goşuldy.

Gül ülkäme Nowruz gelýär

Ata Watanymyza pasyllaryň soltany bahar paslynyň gelşi-de ajaýyp. Bu gün güneşli Diýa-rymyzy görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Gök ýaýlalary ýaşyl dona büräp oturan düzlerde otlaşyp ýören owlakdyr guzularyň sesi, erkana ganat ýaýýan guşlaryň owazy tebigatyň täsin görküne görk goşýar. Gyz-gelinleriň aýdymdyr lälelerini, monjugatdylardyr öleňlerini eşideniňde, göwnüň joşa gelýär. Şunuň ýaly dabaralar, şatlyk-şowhun bilen gül ülkäme Milli bahar baýramy gelýär. Ata-babalarymyz Nowruz baýramyny täzelenişiň nyşany, täze durmuşyň başlangyjy hasaplapdyr. Halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan bu taryhy baýram watandaşlarymyzy belent sepgitlere, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. 

Bitarap döwletde bagtyýar ýaşlar

Milli ýörelgelerimize ygrarly, ylymly, bilimli nesiller röwşen geljegimiziň ygtybarly daýanjy bolup durýar. Şonuň üçinem Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda olaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmekde, milli ruhda terbiýelenmegini, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegini gazanmakda zerur şertler döredilip, bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Ol işler ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary ýüze çykarmakdan, ýaş nesilde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmetsöýerligi kemala getirmekden gözbaş alýar. Milli kanunçylygymyz arkaly ýaşlaryň konstitusion, durmuş-ykdysady hukuklary, azatlyklary, kanuny bähbitleri we borçlary kepillendirilýär. Bilşimiz ýaly, 2013-nji ýylda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanuna laýyklykda, döwletimizde ýaşlar barada alnyp barylýan döwlet syýasaty ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine Türkmenistanyň ýaşlarynyň kuwwatyny ösdürmek we durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk şertlerini hem-de kepilliklerini döretmek, hemmetaraplaýyn ösen jemgyýeti kemala getirmek, ýurdumyzyň taryhy ösüşiniň esas goýujy taglymatlaryna, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet syýasatynyň häzirki zaman ugurlaryna ýaş raýatlaryň aňly-düşünjeli düşünmegini gazanmak baradaky maksatlary öz içine alýar.

Ýangyndan ägä boluň!

Ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek biziň her birimiziň borjumyzdyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy bazarlarda we söwda merkezlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmekde şulary ýatladýar: ►Bazarlaryň, söwda merkezleriniň her bir böleginde, aýratyn ammarlarda, söwda hatarlarynda, bassyrmalarda, ýangyn howpsuzlygyna jogapkär işgärler berkidilmelidir;

Bal süýji, baldan-da bala süýji (Garaşsyzlyk we türkmençilik ýörelgeleri)

«Nesil terbiýesinde türkmençilik ýoly» atly makalalar toplumyndan Hormatly Prezidentimiz 25-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda ýaşlaryň çuňňur bilim almagy, düýpli hünär öwrenmegi, beden we ruhy taýdan kämil adamlar bolup ýetişmegi ugrunda alnyp barylýan milli terbiýeçilik ýörelgeleri barada aýratyn nygtap geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň örän uly terbiýeçilik ähmiýeti bolan «Bal süýji, baldan-da bala süýji», «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýen nakyllary mysal getirmegi türkmeniň çaga terbiýesindäki asyrlar aşyp gelýän milli ýolunyň dowamatlygynyň aýdyň şaýady boldy.

Ynsanperwerligiň tas bir asyrlyk ýoly

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti gündelik durmuşda we adatdan daşary ýagdaýlarda ilata ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisidir. Ol ýurdumyzdaky iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde maksatnamasynda görkezilen wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda netijeli işleri alyp barýar. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti ýurdumyzyň çäginde ýeke-täk hem-de köp ýyllaryň dowamynda hereket edip gelýän ynsanperwerlik jemgyýetçilik guramasydyr. Ol özüniň işini, welaýat merkezinde, şäherlerde we etraplarda ýerleşýän bölümleri arkaly amala aşyrýar. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti 1926-njy ýylda döredildi. Türkmenistan Garaşsyzlygyny alanyndan soň jemgyýetiň täze döwri başlandy. 1992-nji ýylda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti ýurdumyzyň çäginde öz işini Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň ýörelgeleriniň esasynda hereket edýän ýeke-täk özbaşdak jemgyýetçilik gurama hökmünde ykrar edildi. Şol döwürden bäri hem bu gurama Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketlerine laýyklykda il-ýurt bähbitli wajyp işleri amala aşyryp gelýär. 1995-nji ýylda bu gurama Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi.

Şöhratly geljegiň ýalkymy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyz Aşgabat günsaýyn gözelleşip, täze binagärlik keşbine eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, Aşgabat şäheriniň gününiň döredilmegi we her ýylyň 25-nji maýynda umumy milli baýramçylyk hökmünde giňden bellenip geçilmegi ähli halkymyzy guwandyrýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şanly ýylymyzda paýtagtymyz Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagyna 140 ýyl dolýar. Aşgabat şol ýyllaryň dowamynda ençeme kynçylykly döwri başyndan geçiren şäherdir. Häzirki döwürde bolsa mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Aşgabat «Aziýanyň merjeni» diýen belent ada mynasyp boldy. Aşgabat — türkmen döwletiniň ýüregi, mähriban halkymyzyň buýsanjy! Geçen sanlyja ýylyň içinde Köpetdagy etekläp oturan Aşgabadyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Täze gurulýan döwrebap binalar, desgalar, ýaşaýyş jaý toplumlary, awtomobil ýollary we köprüler, täsin seýilgähler, gür baglyklar, al-elwan güller paýtagtymyzyň beýik ösüşlerini dabaralandyrýar. Aşgabat dünýäniň iň owadan, arassa, ýaşaýyş üçin juda amatly şäherleriniň birine öwrüldi.

Gözelligiň dürdänesi

Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen Aşgabat şäheri häzirki wagtda yklymlary birleşdirýän polat, howa, suw, awtomobil ýollarynyň kämil derejesine eýe bolup, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň örän möhüm ulag-logistik merkezine öwrüldi. Paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda «Altyn kölüň» kenarynda ýerleşjek döwrebap kottejler toplumynyň taslamalary ak şäherimiziň durmuşynda aýratyn orun eýelär.

Döwrebap ulag ulgamy

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlary uly ösüşlere eýe bolýar. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň täze taryhyny emele getirip, onuň kämil nusgada dikeldilmegini üpjün etdi. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Ulag-aragatnaşyk ulgamynda bar bolan giň mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrmak we olary täze ykdysady derejä ýetirmek arkaly iňňän ýokary netijeleri gazanyp, bu ugurda işjeň hereket edýändigimiz hem bellenilmeli ýagdaýdyr» diýmek bilen, ýurdumyzda köpugurly ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmeginiň, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi maksadalaýyk ösdürmäge hem-de ahyrky netijede, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny ýokarlandyrmaga mümkinçilikleri has-da artdyrýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem bu ugurdaky geçirilmeli çäreleriň göz öňünde tutulmagy, degişli düzümiň ösüşini üpjün etmegiň geljekki ugurlaryny kesgitledi. Onuň çäklerinde ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmak, hilini gowulandyrmak, ulag hyzmatlarynyň eksportyny artdyrmak, esasan, ýurduň ýükleri üstaşyr geçirmek mümkinçiligini durmuşa geçirmek, ulaglar ulgamynda halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga niýetlenen

Ýürek sözi

BAŞYMYZY GÖGE ÝETIRDI Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşleriň, rowaçlyklaryň aýdyň ýoly bilen öňe barýan gözel Diýarymyzyň ähli künjekleri hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gün-günden özgerýär, gözel görke eýe bolýar. Ak mekdepleriň, çagalar baglarynyň, medeniýet öýleriniň, saglygy goraýyş edaralarynyň we beýleki ykdysady, medeni-durmuş maksatly desgalaryň döwrebap binalary gözel şäherlerimizi, obalarymyzy bezeýär.

Dalaşgärler bilen duşuşyk

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanuna hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde 28-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna giňden taýýarlyk görülýär. Bu syýasy çärä taýýarlyk işleri welaýatymyzda hem giň häsiýete eýedir. Degişli kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda, häzirki wagtda Halk Maslahatynyň agzalygyna hödürlenen dalaşgärler bilen duşuşyklar ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilýär. Daşoguz şäher häkimliginiň hem-de welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda geçirilen duşuşyk çäreleri işjeňligi bilen tapawutlandy. Welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň giňden gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklary welaýat halk maslahatynyň başlygy Annamuhammet Gajaýew açyp, gün tertibinde seredilmeli meseleler barada durup geçdi. Soňra dalaşgärleriň ynanylan adamlary çykyş edip, olaryň terjimehaly bilen tanyşdyrdy.

Ösüşleriň gözbaşy

Ýurdumyzda geçirilen konstitusion özgertmeler esasynda Halk Maslahatynyň kanun çykaryjy häkimiýetiniň wezipelerini amala aşyrýan ýokary döwlet edaralarynyň ulgamyna goşulmagy we Halk Maslahatynyň, Mejlisiň ygtyýarlyklarynyň üýtgemegi bilen bagly täze kanunçylyk resminamalaryna, hukuk kesgitlemelerine halkyň çuňňur düşünmeginiň bu konstitusion özgertmäniň has çalt özleşdirilmegine täsir etjekdigi öz-özünden düşnüklidir. Şoňa görä-de, Halk Maslahatynyň çözgütlerini giňden wagyz etmek çäreleri yzygider dowam etdirilýär. Şunda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunda beýan edilýän hukuk kesgitlemeleriniň netijesinde ýüze çykýan özgerişler adamlary has-da gyzyklandyrýar. Şu nukdaýnazardan, ilki bilen, döwletimiziň konstitusion esaslaryna we oňa girizilen üýtgetmelere anyk göz ýetirmegimiz möhümdir. Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisinde Halk Maslahatynyň kanun çykaryjy häkimiýetiniň wezipelerini amala aşyrýan ýokary döwlet edaralarynyň ulgamyna goşulýandygy barada aýtdy. Bu özgertmeleriň mazmunyna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň geçen ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen rejelenen görnüşiniň 66-njy maddasyndaky «Türkmenistanda ýokary döwlet häkimiýetini Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti amala aşyrýarlar» diýen kadalar a

Işjeň gatnaşýarlar

Welaýat häkiminiň karary esasynda welaýatymyzyň şäherlerinde, obalarynda arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini geçirmek boýunça yglan edilen iki aýlygyň çäklerinde ýaşaýyş jaý toplumlarynda, edara-kärhanalaryň töwereklerinde, köçeleriň ugrunda arassaçylyk işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.

Redaksiýanyň poçtasyndan

«PAÝHAS ÇEŞMESI» — YLHAM ÇEŞMESI Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn, eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesiller üçin beýik geljegi gurýarys» diýmek bilen, ýaş nesliň terbiýesiniň näderejede kämil bolmalydygyny belleýär. Nesil terbiýesi gaty uly, köpgyraňly meseleleri öz içine alýar.

Giň dünýäniň geň habarlary

EBEDI BUZLUKLARYŇ GOÝNUNDA Ylmy-barlagçylar Antarktidadaky Ueddel deňziniň gündogar-günortasynda ýerleşýän künjekde gözleg işlerini geçirenlerinde 890 metr buz astyndan janly-jandarlaryň täze görnüşlerini ýüze çykardylar. Alymlar ummandan 260 km ara daşlykda ýerleşýän howanyň derejesiniň -2,20 C bolan ebedi buzlaryň astyndaky tüm garaňkylyga gaplanan bu künjekde janly-jandarlara duşarys öýtmeýärdiler. Hýu Griffitsiň ýolbaşçylygyndaky Britan Antarktika gullugynyň alymlar topary deňiz derejesinden 1233 metr aşakda syrly jandarlar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Olaryň içinde ösüntgili we ösüntgisiz gubkalaryň 16 görnüşi hem-de 22 sany köp öýjükli ýönekeý deňiz jandarlarynyň heniz näbelli görnüşleriniň bardygy mälim edildi. «Jandarlar ol ýere nähili ýol bilen düşüpdirler? Nämeler bilen iýmitlenýärler? Olar haçandan bäri ýaşaýarlar? Biziň bu açyşymyz ylmyň öňünde şeýle soraglary ýüze çykardy» diýip, toparyň ýolbaşçysy gürrüň berýär. Bu hakda «National Geographic» geografiýa jemgyýetiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Milli bahar baýramyna

Ýazlar joş urup gelýär Nowruz baýramy Birleşen Milletler Guramasynyň Karary bilen “Halkara Nowruz baýramy” diýlip yglan edildi we bütin dünýäde dabaraly bellenilip geçilýär. Indi biziň Berkarar döwletimizde bu baýram — Milli bahar baýramy bolup, her bir öýde ýedi dürli tagam, şol sanda semeni taýýarlanylýar.

Bellenen kadalar berjaý edilmelidir

Häzirki döwürde ýollarymyzyň hadysasyz bolmagyny üpjün etmek döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli wezipeleriň birine öwrüldi. Sebäbi köçedir ýollarymyzyň ak ýollar bolmagy maşgala abadançylygymyz, ömrümiziň parahatlygy bilen aýrylmaz baglydyr. Bölümçämiziň gözegçileri etrabymyzyň ýollarynda sürüjiler tarapyndan ýol hereket howpsuzlygynyň kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine gözegçiligi ýola goýýarlar. Nebsimiz agyrsa-da, sürüjileriň käbirleriniň ýol hereket howpsuzlygynyň kadalaryny äsgermezlik edip, düzgün bozulmalara ýol berýänleri duş gelýär. Beýleki düzgün bozmalary bilen birlikde, polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň kanuny talabyna boýun bolman gidýän sürüjileriňem duş gelýän halatlary bolýar. Beýle ýagdaý köplenç awtoulag serişdesi bikanun eýelenen, sürüjilik şahadatnamasy bolmadyk ýa-da sürüji serhoş ýagdaýda awtoulagy dolandyran halatlarynda ýüze çykýar. Şeýle hem ýol-ulag hadysasyny döredip, hadysanyň bolan ýerini taşlap gidýän sürüjilerem duş gelýär.

Bilim edaralarynda ýangyn howpsuzlygy

— Mekdepleriň we çagalar baglarynyň her bir işgäri ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini bilmäge, şonuň bilen birlikde şol düzgünleri doly we dogry berjaý etmäge borçludyr. Mekdeplerde hem çagalar baglarynda ýörite buýruk esasynda döredilen meýletin ýangyn söndüriji toparlar, ýangyn hadysalary dörän halatynda olar adamlary halas etmek we ýangyny gyssagly ýagdaýda söndürmek boýunça özlerine bagly ähli çäreleri görmelidirler. Mekdeplerde we çagalar baglarynda zir-zibiller, gury hapa-haşal otlar öz wagtynda aýrylmalydyr. Gury otlary ýakmak düýbünden gadagandyr. Mekdep we çagalar baglarynyň jaýynyň golaýyna barylýan ýollaryň, geçelgeleriň, ýangyna garşy peýdalanmak üçin niýetlenen suw çeşmeleriniň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edilip durulmalydyr. Ähli howuzlar wagtly-wagtynda suwdan doldurylyp durulmalydyr. Jaýlaryň ätiýaçlyk çykalgalary elmydama açyk ýagdaýda saklanmalydyr. Olarda ýangyn söndüriji tehnikalar päsgelçiliksiz barar ýaly boşluklar bolmalydyr, jaýlaryň aralygyndaky boşluklarda, ýeňil ot alýan zatlaryň saklanmagyna ýol bermeli däldir. Basgançaklaryň aşagyna, ätiýaçlyk çykalgalaryň öňüne, geçelgelere ýanyjy zatlaryň basylmagyny gadagan etmelidir. Mekdep jaýlarynda himiýa barlaghanalary, fizika otaglary, okuw usulhanalary ýangyn howpuny döredýän esasy ýerlerdir. Adatça, ol ýerlerde ýanyjy materiallar, maddalar, ýeňil ot alýan suwuklyklar, gaz we spirt bilen ýakylýan çyral

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Ygtybarly üpjün edilýär Döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz aladasy bilen halkymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şu işler babatda möhüm wezipeler öňde goýlup, içeri işler edaralarynyň işgärleri şol derwaýys wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda uly tagallalary edýärler. Şol wezipeler raýatlaryň rahat durmuşda ýaşamaklaryny, asudalyklaryny, emläkleriniň goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Döwlet muzeýinde

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygar astynda geçýän şu ýylyň 9 — 12-nji marty aralygynda ýurdumyzyň muzeýleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Ony Türkmenistanyň Daşary işler, Medeniýet ministrlikleri we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçihanasy bilelikde gurady. Maslahata ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimou, Amerikanyň bilermenleri Smitson institutynyň Amerikanyň taryhynyň Milli muzeýiniň direktory jenap Brent D. Glass we «Galladher & Associates» guramasynyň ýolbaşçysy jenap Patrik Gallaher dagy hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, welaýatlaryň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.