Bilim edaralarynda ýangyn howpsuzlygy

15 Mart 2021
1115

— Mekdepleriň we çagalar baglarynyň her bir işgäri ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini bilmäge, şonuň bilen birlikde şol düzgünleri doly we dogry berjaý etmäge borçludyr. Mekdeplerde hem çagalar baglarynda ýörite buýruk esasynda döredilen meýletin ýangyn söndüriji toparlar, ýangyn hadysalary dörän halatynda olar adamlary halas etmek we ýangyny gyssagly ýagdaýda söndürmek boýunça özlerine bagly ähli çäreleri görmelidirler.

Mekdeplerde we çagalar baglarynda zir-zibiller, gury hapa-haşal otlar öz wagtynda aýrylmalydyr. Gury otlary ýakmak düýbünden gadagandyr. Mekdep we çagalar baglarynyň jaýynyň golaýyna barylýan ýollaryň, geçelgeleriň, ýangyna garşy peýdalanmak üçin niýetlenen suw çeşmeleriniň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edilip durulmalydyr. Ähli howuzlar wagtly-wagtynda suwdan doldurylyp durulmalydyr. Jaýlaryň ätiýaçlyk çykalgalary elmydama açyk ýagdaýda saklanmalydyr. Olarda ýangyn söndüriji tehnikalar päsgelçiliksiz barar ýaly boşluklar bolmalydyr, jaýlaryň aralygyndaky boşluklarda, ýeňil ot alýan zatlaryň saklanmagyna ýol bermeli däldir. Basgançaklaryň aşagyna, ätiýaçlyk çykalgalaryň öňüne, geçelgelere ýanyjy zatlaryň basylmagyny gadagan etmelidir. Mekdep jaýlarynda himiýa barlaghanalary, fizika otaglary, okuw usulhanalary ýangyn howpuny döredýän esasy ýerlerdir. Adatça, ol ýerlerde ýanyjy materiallar, maddalar, ýeňil ot alýan suwuklyklar, gaz we spirt bilen ýakylýan çyralar, elektrik gurallary hem-de beýlekiler peýdalanylýar. Şonuň üçin tejribe geçirilip gutarylandan soň laboratoriýadaky we ussahanalardaky iş stollary tertibe salynmalydyr hem-de jaýyň içi süpürilip ýygnalmalydyr.