Bitarap döwletde bagtyýar ýaşlar

15 Mart 2021
793

Milli ýörelgelerimize ygrarly, ylymly, bilimli nesiller röwşen geljegimiziň ygtybarly daýanjy bolup durýar. Şonuň üçinem Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda olaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmekde, milli ruhda terbiýelenmegini, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegini gazanmakda zerur şertler döredilip, bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Ol işler ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary ýüze çykarmakdan, ýaş nesilde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmetsöýerligi kemala getirmekden gözbaş alýar.

Milli kanunçylygymyz arkaly ýaşlaryň konstitusion, durmuş-ykdysady hukuklary, azatlyklary, kanuny bähbitleri we borçlary kepillendirilýär. Bilşimiz ýaly, 2013-nji ýylda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanuna laýyklykda, döwletimizde ýaşlar barada alnyp barylýan döwlet syýasaty ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine Türkmenistanyň ýaşlarynyň kuwwatyny ösdürmek we durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk şertlerini hem-de kepilliklerini döretmek, hemmetaraplaýyn ösen jemgyýeti kemala getirmek, ýurdumyzyň taryhy ösüşiniň esas goýujy taglymatlaryna, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet syýasatynyň häzirki zaman ugurlaryna ýaş raýatlaryň aňly-düşünjeli düşünmegini gazanmak baradaky maksatlary öz içine alýar.

Mahym BABAÝEWA,
welaýat adalat bölüminiň esasy maslahatçysy, 2-nji derejeli ýurist.