Şöhratly geljegiň ýalkymy

15 Mart 2021
719

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyz Aşgabat günsaýyn gözelleşip, täze binagärlik keşbine eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, Aşgabat şäheriniň gününiň döredilmegi we her ýylyň 25-nji maýynda umumy milli baýramçylyk hökmünde giňden bellenip geçilmegi ähli halkymyzy guwandyrýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şanly ýylymyzda paýtagtymyz Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagyna 140 ýyl dolýar. Aşgabat şol ýyllaryň dowamynda ençeme kynçylykly döwri başyndan geçiren şäherdir. Häzirki döwürde bolsa mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Aşgabat «Aziýanyň merjeni» diýen belent ada mynasyp boldy. Aşgabat — türkmen döwletiniň ýüregi, mähriban halkymyzyň buýsanjy!

Geçen sanlyja ýylyň içinde Köpetdagy etekläp oturan Aşgabadyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Täze gurulýan döwrebap binalar, desgalar, ýaşaýyş jaý toplumlary, awtomobil ýollary we köprüler, täsin seýilgähler, gür baglyklar, al-elwan güller paýtagtymyzyň beýik ösüşlerini dabaralandyrýar. Aşgabat dünýäniň iň owadan, arassa, ýaşaýyş üçin juda amatly şäherleriniň birine öwrüldi.

Kömek KÖMEKOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.