Döwlet muzeýinde

15 Mart 2021
836

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygar astynda geçýän şu ýylyň 9 — 12-nji marty aralygynda ýurdumyzyň muzeýleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Ony Türkmenistanyň Daşary işler, Medeniýet ministrlikleri we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçihanasy bilelikde gurady.

Maslahata ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimou, Amerikanyň bilermenleri Smitson institutynyň Amerikanyň taryhynyň Milli muzeýiniň direktory jenap Brent D. Glass we «Galladher & Associates» guramasynyň ýolbaşçysy jenap Patrik Gallaher dagy hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, welaýatlaryň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Oraznabat SAPAROWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy-usulyýet bölüminiň müdiri.