Dalaşgärler bilen duşuşyk

15 Mart 2021
1190

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanuna hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde 28-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna giňden taýýarlyk görülýär. Bu syýasy çärä taýýarlyk işleri welaýatymyzda hem giň häsiýete eýedir. Degişli kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda, häzirki wagtda Halk Maslahatynyň agzalygyna hödürlenen dalaşgärler bilen duşuşyklar ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilýär.

Daşoguz şäher häkimliginiň hem-de welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda geçirilen duşuşyk çäreleri işjeňligi bilen tapawutlandy. Welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň giňden gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklary welaýat halk maslahatynyň başlygy Annamuhammet Gajaýew açyp, gün tertibinde seredilmeli meseleler barada durup geçdi. Soňra dalaşgärleriň ynanylan adamlary çykyş edip, olaryň terjimehaly bilen tanyşdyrdy.

Ýörite habarçymyz.