Giň dünýäniň geň habarlary

15 Mart 2021
1022

EBEDI BUZLUKLARYŇ GOÝNUNDA

Ylmy-barlagçylar Antarktidadaky Ueddel deňziniň gündogar-günortasynda ýerleşýän künjekde gözleg işlerini geçirenlerinde 890 metr buz astyndan janly-jandarlaryň täze görnüşlerini ýüze çykardylar. Alymlar ummandan 260 km ara daşlykda ýerleşýän howanyň derejesiniň -2,20 C bolan ebedi buzlaryň astyndaky tüm garaňkylyga gaplanan bu künjekde janly-jandarlara duşarys öýtmeýärdiler. Hýu Griffitsiň ýolbaşçylygyndaky Britan Antarktika gullugynyň alymlar topary deňiz derejesinden 1233 metr aşakda syrly jandarlar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Olaryň içinde ösüntgili we ösüntgisiz gubkalaryň 16 görnüşi hem-de 22 sany köp öýjükli ýönekeý deňiz jandarlarynyň heniz näbelli görnüşleriniň bardygy mälim edildi. «Jandarlar ol ýere nähili ýol bilen düşüpdirler? Nämeler bilen iýmitlenýärler? Olar haçandan bäri ýaşaýarlar? Biziň bu açyşymyz ylmyň öňünde şeýle soraglary ýüze çykardy» diýip, toparyň ýolbaşçysy gürrüň berýär. Bu hakda «National Geographic» geografiýa jemgyýetiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
Gurban GURBANOW.