Ynsanperwerligiň tas bir asyrlyk ýoly

15 Mart 2021
679

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti gündelik durmuşda we adatdan daşary ýagdaýlarda ilata ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisidir. Ol ýurdumyzdaky iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde maksatnamasynda görkezilen wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda netijeli işleri alyp barýar. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti ýurdumyzyň çäginde ýeke-täk hem-de köp ýyllaryň dowamynda hereket edip gelýän ynsanperwerlik jemgyýetçilik guramasydyr. Ol özüniň işini, welaýat merkezinde, şäherlerde we etraplarda ýerleşýän bölümleri arkaly amala aşyrýar. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti 1926-njy ýylda döredildi.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny alanyndan soň jemgyýetiň täze döwri başlandy. 1992-nji ýylda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti ýurdumyzyň çäginde öz işini Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň ýörelgeleriniň esasynda hereket edýän ýeke-täk özbaşdak jemgyýetçilik gurama hökmünde ykrar edildi. Şol döwürden bäri hem bu gurama Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketlerine laýyklykda il-ýurt bähbitli wajyp işleri amala aşyryp gelýär. 1995-nji ýylda bu gurama Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi.

Ereş ORUNOW,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň Çärjew etrabyndaky wekili.