"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýazyjy Osman Ödäýewiň zehin hem döredijilik hakyndaky setirleri

► Zehin miwe däldir, tohumdyr. Ol ýürek atly topraga sepilip, paýhas çeşmesiniň suwy bilen suwarylyp, ömür bagynda miwe bermelidir. ► Göwün açylmasa, zehin açylmaz.

Döwürdeşleriniň aýdanlaryndan

Gözel ŞAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. ■ Osman zehinli ýazyjydy, gowy ýoldaşdy. Ol «Garagum» žurnalynyň baş redaktory bolup işlän mahallary jaň ederdi-de: «Halypa, sensiz nähili çykar žurnal? Sen şu sanyň basym çykjakdygyny bilýäň-ä» diýerdi. Men şol sese, şol duýgudaşlyga, bir-birege goýulýan şol mähre, muhabbete suwsaýan mahal-mahal.

Adyň alyslarda aýdym, Aşgabat

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow: — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabady ösdürmek boýunça köp işler edildi. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne-görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şeýle bolansoň, paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň 11-si Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Beýik işleriň şuglasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň buýsanjyna öwrülen merjen şäherimiz Aşgabat köpugurly özgertmelerdir ösüşlere eýe bolup ildeşlerimizde uly buýsanç duýgularyny döredýär. Merjen şäherimizi mundan beýläk hem kämilleşdirmek işleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda has-da batly depginler bilen dowam etdirilýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, şeýle hem Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly şatlyk-şowhun, ruhubelentlik bilen toýlanar. Ak mermerli belent ymaratlaryň, gür bagly seýilgähleriň, ajaýyp suw çüwdürimleriniň mekanyna öwrülen paýtagtymyz häzirki wagtda dünýäniň iň ösen we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Aşgabadyň gözelligiň kämil nusgasyny emele getirýän keşbinde suw çüwdürimleriniň orny diýseň uludyr. Şäheriň görnükli ýerlerinde oturdylan dürli görnüşli suw çüwdürimlerinde milli äheňdäki bezegleriň döwrebap nusgalar bilen sazlaşandygy aýratyn ünsüňi çekýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň çäginde suw çüwdürimleriniň giň toplumy bar. 2008-nji ýylda Aşgabadyň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda olaryň iň iri göwrümlisi bolan «Oguz han we ogullary» suw çüwdürimler toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Binagärlik taýdan özboluşly aýratynlyga eýe bolan bu toplumyň mähriban halkymyzyň şöhratly taryhyny, millet hökmündäki berkararlygyny, agzybirligini sarpalam

Edebim — mertebäm

Golaýda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň Berkararlyk etrap Polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölüminiň bilelikde guramagynda Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda «Edebim terbiýäm — milli mertebäm!» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige mekdebiň ýokary synp okuwçy gyzlary gatnaşdylar. Bäsleşikde okuwçy gyzlar ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerini ýerine ýetirdiler we onuň gelip çykyşy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Ýaşlarda Watana, milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza bolan söýgini artdyrmak maksady bilen geçirilen döredijilik bäsleşiginde baş baýraga Aşgabat şäherindäki 140-njy orta mekdebiň okuwçysy Aýlar Erjanowa mynasyp boldy. 1-nji orna 24-nji orta mekdebiň okuwçysy Laçyn Orazowa, ikinji orna 52-nji orta mekdebiň okuwçysy Ýazgül Allaberdiýewa, üçünji orna 76-njy orta mekdebiň okuwçysy Gülnar Nazarowa dagy mynasyp boldular. Baýrakly orunlara mynasyp bolan okuwçy gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

«Geçmişini bilýän, geljegine-de ynamlydyr»

Ýaňy-ýakynda şeýle at bilen maýor Şöhrat Orazdurdyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda şäheriň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda muzeýiň hünärmeni Myratgeldi Aşyrow hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda halkymyzyň milli gymmatlyklaryny aýawly saklamak, dikeltmek, goramak, giňden wagyz etmek hem-de olaryň üstüni ýetirmek, täze öwüşginli, döwrebap medeni gymmatlyklary döretmek babatda uly işleriň alnyp barylýandygyny belläp geçdi. Şeýle-de türkmen halkynyň geçmişde özüniň ýaşan döwürlerinde maddy we ruhy mirasyny, milli däp-dessurlaryny nesilden-nesle geçirip bilen milletdigini, munuň şeýledigini, asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtady. Geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda şäheriň çäginde ýerleşýän birnäçe taryhy ýadygärlikler, depeler, mundan başga-da, gadymy suwaryş ulgamynda ulanylan kärizler we suw degirmenleri barada il arasynda giňden ýaýran gürrüňler, rowaýatlar barada-da aýdylyp geçildi.

Abadançylygyň we rowaçlygyň kepili

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýar, ähli pudaklarda ösüşler, üstünlikler gazanylýar. Halkymyzyň abadan we parahat durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, döwlet gurluşynyň hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. Milli gymmatlyklara daýanyp amala aşyrylýan syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadynyň üpjün edilmegine ýardam berýän başlangyçlar ägirt uly ähmiýete eýedir. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Konstitusiýasy döwlet gurluşynyň düzgünlerini, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerini, halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan hem-de belent ynsanperwerlik däplerimiziň esasy bolup durýan demokratik, hukuk, dünýewi döwleti gurmak baradaky gymmatly garaýyşlaryny özünde jemleýär. Esasy Kanunymyzda merdana ata-babalarymyzyň döwletlilik, adalatlylyk, ylalaşyklylyk we parahatçylyk hakyndaky, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerine siňdiren ýürek arzuwlary öz beýanyny tapýar.

28-nji mart Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary günüdir

Dalaşgärler bilen duşuşyk Şu günler ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri günsaýyn işjeň häsiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary giň gerimde ýaýbaňlandyrylyp, dalaşgärler özleriniň maksatnamalary bilen çykyş edýärler.

Milli bahar baýramyna

Nowruz geldi, joş eýläp Bedew batly öňe barýan Türkmenistan döwletimiz toý-baýramlaryň mekany hasaplanýar. Ýurdumyzda uludan tutulyp döwlet derejesinde bellenilýän baýramlaryň biri hem Milli bahar baýramydyr. Bu baýram gadym döwürlerden bäri bellenilip gelinýär.

Hasabat-saýlaw ýygnagy

Golaýda “Marygazçykaryş” müdirliginiň kärdeşler arkalaşyklarynyň hasabat-saýlaw konferensiýasy geçirildi. Bu ýygnak müdirligiň mejlisler jaýynda geçirilip, kärdeşler arkalaşyklary komitetiniň agzalary gatnaşdylar. Şeýle hem işjeň ýagdaýda geçen hasabat-saýlaw ýygnagyna TKA-nyň welaýat birleşmesiniň jogapkär işgäri Ýazsoltan Aşyrowa, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew gatnaşdylar. Onda müdirligiň kärdeşler arkalaşyklarynyň komitetinde 2016-njy ýylyň 4-nji martyndan 2021-nji ýylyň 4-nji marty aralygynda alnyp barlan işleriň jemlerine garaldy. Hasabat döwründe edilen işleriň hasabaty bilen müdirligiň kärdeşler arkalaşyklary komitetiniň başlygy Begmuhammet Ataýew çykyş etdi. Ol öz çykyşynda müdirligiň kärdeşler arkalaşyklary komiteti tarapyndan işgärleriň iş we durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, önümçilikde howpsuz zähmeti we tehniki howpsuzlygyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini, işgärleriň gowy dynç almaklaryny gazanmak bilen bagly edilen işler dogrusynda durup geçdi. Şeýle hem Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda öňde durýan wezipeler barada gürrüň berdi. Ýygnakda KA-nyň komitetiniň we derňew toparynyň täze düzümlerini saýlamagyň meselelerine garaldy. Mundan başga-da, iş beriji bilen KA-nyň komitetiniň arasynda 2020-nji ýylda baglaşylan köpçülikleýin şertnamanyň ýerine ýetirilişiniň jemleri hakynda müdirligiň zähmet we iş hak

Sanly ulgam halkyň hyzmatynda

Kitaphana işi ösdürilýär Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda kitaphana ulgamynda hem ýokary netijeler gazanylýar. Bu günki günde kitaphana ulgamynyň işini ösdürmäge döwletimiz tarapyndan uly ähmiýet berilýär. Çünki, kitaphanalar halkyň medeni, ruhy-intellektual hem-de maddy genji-hazynasy bolup durýar.

Elektrik energiýasyny toplamagyň meselesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri kuwwatly elektroenergetika pudagynyň giň gerimde ösdürilýän hem-de onuň halkara ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilen energetika syýasatynyň amala aşyrylýan döwrüdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň birnäçesi öňe sürlüp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine öňdebaryjy tejribeleri hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ýokary netijeli, howpsuz we ekologiýa taýdan arassa energetika pudagyny döretmek, energiýa çeşmeleriniň dürli görnüşlerini toplamak we tygşytlamak ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär. Energiýany toplamak diýlip, energiýanyň bir görnüşini gurluşa, enjama ýa-da desga — energiýany toplaýjy akkumulýatora girizmeklige, soňra bu energiýany sarp etmek üçin amatly ýagdaýda şol ýa-da özgerdilen görnüşinde ol ýerden yzyna almaklyga aýdylýar.Toguň himiki çeşmesine akkummulýatorlar diýilýär. Bu bolsa himiki reaksiýalaryň netijesinde içki energiýanyň elektrik energiýasyna öwrülýändigini aňladýar. Hut şonuň üçin hem reaksiýalaryň öwrülipbilijilik ukybyna baglylykda, akkumulýatorlary zarýadlandyrmak we zarýadsyzlandyrmak mümkindir. Çünki, akkumulýatorlar dürli pudaklarda giňden ulanmak we elektrik toguny toplamak üçin döredilendir. Iň ýönekeý gurluşly akkummulýator elektrolit erginine (kislotasyna) siňdirilen we dürli metallarda

Kitap dünýäni açýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda biz — ýaşlar üçin kitap okap, bilim almaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikler bar. Biz, talyp deň-duşlarymyz bolup, boş wagtlarymyz institutymyzyň kitaphanasyndaky gyzykly çeper eserleri, eziz Arkadagymyzyň joşgunly kalbyndan dörän kitaplaryny okap, zehinimizi baýlaşdyrýarys. Eýsem, diňe bir institutymyzyň däl-de, welaýat kitaphanasy bilen hem ýygy aragatnaşyk saklaýarys. Türkmen edebiýatynyň çyn ägirtleri bolan ýazyjy-şahyrlaryň romanlaryny, goşgularyny okanyňda pähim-paýhasa ýugrulan sözler geljegiňe aýdyň ýol görkezýär hem-de durmuşa bolan söýgiňi artdyrýar.

Hüşgärlik talap edilýär

Bilşimiz ýaly, tebigy gaz eşret çemesi bolup hyzmat edýär. Ilatyň tebigy gaz bilen üpjünçiliginde zerur ýerleriň gaz ballonlary bilen ýeterlik üpjün edilmeginde-de uly işler bitirilýär. Sarp edijileriň gaz ballonlaryna bolan islegini kanagatlandyrmakda gaz dolduryjy bekedimiziň işgärleri yhlas edýärler. Bekedimizde boşan gaz ballonlary suwuklandyrylan gaz bilen doldurylyp, sarp edijilere ugradylýar. Bu işde tehniki howpsuzlygyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi örän wajypdyr. Gaz ballonlary 5 ýylda bir gezek tehniki taýdan gözden geçirilmelidir. Gaz ballonlaryny jaýyň içinde, jaýyň daşynda bolsa ýörite şkaflarda ýerleşdirilýär. Olary hassahanalarda näsaglaryň otaglarynyň, okuw mekdepleriniň, tomaşa we söwda jaýlarynyň, çagalar edaralarynyň aşagyndaky aşhanalarda gurnamak gadagan edilýär. Gaz ballonlary bilen bagly heläkçilikli ýagdaýlaryň şu aşakdaky pursatlarda ýüze çykmagy ahmaldyr:

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Ösüşleriň kepili Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň doly we netijeli işlemegi üçin öňünde durýan wezipelere düşünýän, milli kanunçylygymyzdan ugur alýan tejribeli işgärleriň zerurdygyny berk belläp geçýär. Hormatly Prezidentimiziň öz halkyna peşgeş beren, “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar”, “Watan goragy mukaddesdir”, “Döwlet guşy” we beýleki birnäçe kitaplary ýaş nesillerimizi, harby gullukçylarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olary geljekde ata Watanymyza wepaly ýaşlar edip ýetişdirmekde örän uly ähmiýete eýedir.

Ýaz çagbasy

Töwerek ümsümlikdi. Asman gümmeziniň kä ýerinde çal bulutlar görünýärdi. Uzak demirgazyk tarapy gara bulutlar tutupdyr. Gün nurly şöhlesini bolluk bilen eçilýärdi. Agaçlaryň ýapraklary şemala ygşyldaşýardylar. Howluda ýatan çal pişik Günüň mylaýym şöhlesine meýmiräp, käte gözüni çalaja açýardy. Ak towuk öz sarymeňiz jüýjelerini yzyna tirkäp, olara çokar ýaly iým tapyp berýärdi. Beýleki gezim edip ýören towuklaryň arasyndaky horaz aram-aram ganatlaryny dözümli kakyp, eýemsiräp gygyrýardy. Üçekdäki gök kepderiler hatar tutuşyp, gymyldaman otyrdylar... Tebigatyň bu gözel görnüşine howlymyzda tamdyrda ot goýberip, mazaly gyzan tamdyra nan ýapyp duran ejemiň hereketleri has-da sazlaşyk berýärdi. Ynha, hä diýmän, ejem mele-myssyk nanlary saçaga dolap, öýe getirer. Ýazyň şular ýaly arassa howasynda ýaňy bişen gyzgynjak nany hurşsuz iýseňem, başga nahar küýsedenok.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Bäherden etrabynyň sport mekdebinde «Sagdyn durmuş ýörelgesi — Arkadagyň göreldesi» ady bilen wagyz-nesihat maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň Sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde guramagynda bolan maslahata ýaş türgenler gatnaşdy. Maslahatda ýurdumyzda sporta we bedenterbiýä berilýän üns, bu ugruň döwrebap derejede ösmegi babatda durmuşa geçirilýän işler, sagdyn durmuş ýörelgelerine birkemsiz eýermegiň ähmiýeti dogrusynda gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň döwrebap derejede türgenleşip, sportda has-da taplanmagy, kämilleşmegi we ýokary sepgitleri eýelemegi ugrunda döredýän giň mümkinçilikleri barada maslahatda aýratyn durlup geçildi. Onuň barşynda ýaşlara ýaramaz endiklerden daşda durmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, arassaçylygyň kadalaryny berjaý etmek, sagdyn iýmitlenmek bilen baglanyşykly degerli maslahatlaryň berilmegi bu çäräniň ähmiýetini artdyrdy.

Şanly sene mynasybetli

Golaýda Ahal welaýat kitaphanasynda Milli bahar baýramy mynasybetli duşuşyk geçirildi. Köp sanly okyjylaryň gatnaşmagynda bolan bu duşuşygy welaýat kitaphanasy gurady. Duşuşykda kitaphana işgärleri çykyş edip, Halkara Nowruz güni bilen sazlaşykly bellenilýän Milli bahar baýramynyň ähmiýeti barada gyzykly söhbet açdylar. Toý gününde berjaý edilýän, ata-baba dowam edip gelýän ajaýyp ýörelgelerdir milli däp-dessurlarymyz, urp-adatlarymyz dogrusynda aýdylanlar has uly gyzyklanma döretdi.

Milli hukuk binýady kämillik ýolunda

Gadymy türkmen topragynda demokratik döwlet, raýat jemgyýeti gurulýar. Özi-de şu hili özgeriş halkymyzyň demokratik ýörelgeleri, dünýäniň ösen ýurtlarynyň syýasy tejribesi esasynda amal edilýär. Taryhyň uzak döwründe ýurtda wajyp meseleleri çözmekde giňden we netijeli ulanylan maslahatlardyr geňeşler esasynda degerli çözgütleri tapmak ýörelgesi bu ýerde ýetilen uly dereje bolýar. Ýurdumyzda geçirilýän Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty palatasynyň agzalarynyň saýlawlary halkyň şu ýörelgesini dünýäniň syýasy ylmynda we tejribesinde öňe sürlen gymmatlyklar bilen sazlaşdyryp, jemgyýetiň demokratik ösüşini hil taýdan täze derejä çykarýar. Geçen ýyl «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilmegi bilen, ýurduň wekilçilikli kanun çykaryjy ulgamyny kämilleşdirmegiň täze tapgyry başlandy. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda eden çykyşynda başlanan işleriň wajypdygyny nygtap: «Men ýurdumyzyň wekilçilikli we kanun çykaryjy edaralarynyň ösüşinde bu täze tapgyry möhüm we oňyn ädim diýip hasap edýärin. Bu tapgyr döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny berkitmäge, durnukly syýasy institutlary döretmäge gönükdirilendir» diýip belledi.

Köňül ýazynyň keşdeleri

Ýurdumyzda toýlar toýa ulaşýar. Golaýda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilen wagyz-nesihat dabarasy «Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym» diýlip atlandyryldy. Dabarany Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti hem-de Agrar partiýasy bilelikde guradylar. Nowruz diýlende, öňi bilen bahar paslynda özboluşly görke beslenýän tebigat gözelligi, asmanyň asudalygy, ýurt parahatçylygy göz öňüňe gelýär. Indi halkara derejede bellenilýän bu baýramçylyk halklary ysnyşdyrmakda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde hem uly ähmiýete eýedir. Halkymyzyň gadymyýetden belläp gelýän bu ajaýyp baýramçylygy milli däp-dessurlarymyzyň berkarar döwletimizde döwrebap öwüşginlerde mynasyp dowam etdirilýändiginiň özboluşly beýanydyr. Şol däp-dessurlarda bolsa halkymyzyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýaly ajaýyp häsiýetleri şöhlelenýär. Bular barada baýramçylyk çäresinde çykyş edenler buýsançly belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şu toý ýylynyň şygarynyň hem Halkara Nowruz güni bilen özboluşly sazlaşýandygy göwünlerde üýtgeşik ýakym döredýär.