Kitap dünýäni açýar

17 Mart 2021
1042

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda biz — ýaşlar üçin kitap okap, bilim almaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikler bar. Biz, talyp deň-duşlarymyz bolup, boş wagtlarymyz institutymyzyň kitaphanasyndaky gyzykly çeper eserleri, eziz Arkadagymyzyň joşgunly kalbyndan dörän kitaplaryny okap, zehinimizi baýlaşdyrýarys. Eýsem, diňe bir institutymyzyň däl-de, welaýat kitaphanasy bilen hem ýygy aragatnaşyk saklaýarys.

Türkmen edebiýatynyň çyn ägirtleri bolan ýazyjy-şahyrlaryň romanlaryny, goşgularyny okanyňda pähim-paýhasa ýugrulan sözler geljegiňe aýdyň ýol görkezýär hem-de durmuşa bolan söýgiňi artdyrýar.