28-nji mart Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary günüdir

17 Mart 2021
849

Dalaşgärler bilen duşuşyk

Şu günler ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri günsaýyn işjeň häsiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary giň gerimde ýaýbaňlandyrylyp, dalaşgärler özleriniň maksatnamalary bilen çykyş edýärler.