Şu gün Daşkentde «Innoprom. Merkezi Aziýa — 2023» halkara senagat sergisi öz işine başlaýar. Ol 26-njy aprele çenli dowam eder. Sergide Özbegistanyň milli pawilýonlary bilen bir hatarda, GDA ýurtlarynyň edara-kärhanalarynyň, şeýle hem halkara senagat kompaniýalarynyň diwarlyklary hem görkezilişe çykarylar. Şunuň bilen baglylykda, sergide GDA ýurtlarynyň oba hojalyk, ulag-aragatnaşyk hem-de maşyngurluşyk pudaklarynda hereket edýän öndürijileriniň önümçilik nusgalary üçin aýratyn açyk meýdan bölünip berildi.
Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar, senagat we söwda ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä, serginiň ilkinji güni işewürlik maksatnamasynyň çäginde ýörite INNOPROM taslamasy geçiriler. Onda ýokary okuw mekdepler hem-de senagat kompaniýalary tarapyndan taýýarlanylan, Özbegistanyň talyplary we ýaş hünärmenleri üçin leksiýalar geçiriler. Şeýle hem halkara serginiň çäginde duşuşyklar we tehnologik gezelençler guralar.