Abadançylygyň we rowaçlygyň kepili

17 Mart 2021
719

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýar, ähli pudaklarda ösüşler, üstünlikler gazanylýar. Halkymyzyň abadan we parahat durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, döwlet gurluşynyň hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. Milli gymmatlyklara daýanyp amala aşyrylýan syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadynyň üpjün edilmegine ýardam berýän başlangyçlar ägirt uly ähmiýete eýedir.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Konstitusiýasy döwlet gurluşynyň düzgünlerini, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerini, halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan hem-de belent ynsanperwerlik däplerimiziň esasy bolup durýan demokratik, hukuk, dünýewi döwleti gurmak baradaky gymmatly garaýyşlaryny özünde jemleýär. Esasy Kanunymyzda merdana ata-babalarymyzyň döwletlilik, adalatlylyk, ylalaşyklylyk we parahatçylyk hakyndaky, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerine siňdiren ýürek arzuwlary öz beýanyny tapýar.

Oguljahan ATAÝEWA,
welaýat kazyýeti, kazynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.