Hüşgärlik talap edilýär

17 Mart 2021
1178

Bilşimiz ýaly, tebigy gaz eşret çemesi bolup hyzmat edýär. Ilatyň tebigy gaz bilen üpjünçiliginde zerur ýerleriň gaz ballonlary bilen ýeterlik üpjün edilmeginde-de uly işler bitirilýär. Sarp edijileriň gaz ballonlaryna bolan islegini kanagatlandyrmakda gaz dolduryjy bekedimiziň işgärleri yhlas edýärler. Bekedimizde boşan gaz ballonlary suwuklandyrylan gaz bilen doldurylyp, sarp edijilere ugradylýar.

Bu işde tehniki howpsuzlygyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi örän wajypdyr. Gaz ballonlary 5 ýylda bir gezek tehniki taýdan gözden geçirilmelidir. Gaz ballonlaryny jaýyň içinde, jaýyň daşynda bolsa ýörite şkaflarda ýerleşdirilýär. Olary hassahanalarda näsaglaryň otaglarynyň, okuw mekdepleriniň, tomaşa we söwda jaýlarynyň, çagalar edaralarynyň aşagyndaky aşhanalarda gurnamak gadagan edilýär. Gaz ballonlary bilen bagly heläkçilikli ýagdaýlaryň şu aşakdaky pursatlarda ýüze çykmagy ahmaldyr: