Hasabat-saýlaw ýygnagy

17 Mart 2021
812

Golaýda “Marygazçykaryş” müdirliginiň kärdeşler arkalaşyklarynyň hasabat-saýlaw konferensiýasy geçirildi. Bu ýygnak müdirligiň mejlisler jaýynda geçirilip, kärdeşler arkalaşyklary komitetiniň agzalary gatnaşdylar. Şeýle hem işjeň ýagdaýda geçen hasabat-saýlaw ýygnagyna TKA-nyň welaýat birleşmesiniň jogapkär işgäri Ýazsoltan Aşyrowa, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew gatnaşdylar.

Onda müdirligiň kärdeşler arkalaşyklarynyň komitetinde 2016-njy ýylyň 4-nji martyndan 2021-nji ýylyň 4-nji marty aralygynda alnyp barlan işleriň jemlerine garaldy. Hasabat döwründe edilen işleriň hasabaty bilen müdirligiň kärdeşler arkalaşyklary komitetiniň başlygy Begmuhammet Ataýew çykyş etdi. Ol öz çykyşynda müdirligiň kärdeşler arkalaşyklary komiteti tarapyndan işgärleriň iş we durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, önümçilikde howpsuz zähmeti we tehniki howpsuzlygyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini, işgärleriň gowy dynç almaklaryny gazanmak bilen bagly edilen işler dogrusynda durup geçdi. Şeýle hem Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda öňde durýan wezipeler barada gürrüň berdi. Ýygnakda KA-nyň komitetiniň we derňew toparynyň täze düzümlerini saýlamagyň meselelerine garaldy. Mundan başga-da, iş beriji bilen KA-nyň komitetiniň arasynda 2020-nji ýylda baglaşylan köpçülikleýin şertnamanyň ýerine ýetirilişiniň jemleri hakynda müdirligiň zähmet we iş haky bölüminiň başlygy Muhammet Atdaýew çykyş etdi. Ýygnakda 2021-nji ýyl üçin köpçülikleýin şertnama baglaşmagyň we KA-nyň ilkinji guramasynyň ýygnagynyň hemişelik wekillerini tassyklamagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.